China daily: Diplomatlar Guansidäki täze gury ýer–deňiz geçelgesi bilen tanyşýarlar
08.04.2023 | 17:27 |20-den gowrak diplomatik missiýalaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri Hytaýyň Guansi welaýatyna amala aşyrylan tanyşlyk saparyna gatnaşdylar – diýip, China daily habar berýär.
Sapar Hytaýyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Onuň çäklerinde diplomatlar Sinçžou şäherindäki (Guansidäki şäher okrugy) Sinçžou portundaky awtomatlaşdyrylan konteýner terminaly bilen tanyşdylar, ol Günorta-Gündogar we Demirgazyk-Gündogar Aziýadaky ähli iri portlar bilen gönümel daşary söwdany alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Diplomatlar günbatar Hytaýdaky Täze halkara gury ýer-deňiz söwda geçelgesine mynasyp baha berdiler, ol ýurtlary we sebitleri birleşdirýän, şol sanda Hytaý-Hindihytaý ýarym adasyny, Hytaýy – Orta Aziýany we Günbatar Aziýany birleşdirýän köp catrykly geçelge hökmünde çykyş edýär.
Şeýle hem Hanindäki (Guansidäki şäher okrugy) Hytaý-Singapur halkara logistiki seýilgähi boýunça gezelenç geçirildi.
ORIENT habarlar