Hindistanyň Prezidenti Murmu gyryjy uçarda uçuş amala aşyrdy
08.04.2023 | 22:57 |Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu şenbe güni Assam ştatynyň Tezpur howa bazasyndan Su-30 MKI kysymly söweş uçary bilen harby uçuşy amala aşyrdy. Uçuş 30 minut dowam etdi. Ol uçardan Gimalaý daglaryny gözden geçirdi – diýip, RIA Nowosti döwlet baştutanynyň sekretariatynyň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.
Hindistanyň lideri Murmu ýurduň Ýaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Su-30 MKI kysymly uçarda uçuş amala aşyran dünýäde ikinji zenan prezident boldy Awiasiýa taryhyna ýazylan ilkinji uçuş 2009-njy ýylda prezident wezipesini eýelän Hindistanyň döwlet baştutany Pratibha Patil tarapyndan amala aşyrylypdy.
Gyryjy uçary Hindistanyň Harby howa güýçleriniň kapitany Nawin Kumar dolandyrdy. Administrasiýada: "Uçar deňiz derejesinden, takmynan iki kilometr belentlikde sagatda 800 kilometre golaý tizlikde uçdy" – diýip, habar berdiler.
Hindistanda Su-30 MKI kysymly gyryjy uçar Russiýanyň ygtyýarnamasy boýunça Hindistan Aeronautics Limited korporasiýasy tarapyndan öndürilýär. Hindi harby howa güýçleriniň hasabynda häzirki wagtda şu kysymly uçarlaryň, takmynan 270 sanysy bar.
ORIENT news