CCTV+: Hytaýda dünýädäki ilkinji deňiz ýel-energetika platformasyny suwa goýberdiler
06.04.2023 | 18:12 |Hytaýda ilkinji ýüzýän deňiz ýel-energetika platformasy işlemeli ýerine eltildi – ol ýurduň günortasyndaky ada welaýat Haýnanyň Weýnan şäheriniň kenarýakasyndan 136 km uzaklykda ýerleşýän deňiz nebit ýatagyna goýberildi.
Hytaýyň milli nebit offşor korporasiýasy (CNOOC) tarapyndan gurlan beýikligi 35 metr we agramy 4 tonna bolan äpet platforma Çžuhaý şäherinden (Günorta Hytaý, Guandun welaýaty) deňiz ýoly arkaly ugradyldy we Haýnan adasynyň golaýyndaky akwatoriýada oturdyldy. Platforma «Guanlan» diýip at berdiler, terjime edeniňde «deňiz tolkunlaryna bakyş» diýen manyny berýär.
CNOOC-da platformanyň golaýdaky nebit we gaz platformalaryny «ýaşyl» energiýa bilen üpjün edip, 25 ýyla golaý işlediljekdigini habar berdiler.
Desga bellenen ýerine eltilenden soň, ol ýerleşmeli ýerinde üç buksir gämisiniň kömegi bilen düzediplip goýuldy, olar ýüz metrlik polat urganlar arkaly üç sany dürli tarapa utgaşykly hereket edip, platformany gerekli ýerine süýşürdiler.
ORIENT habarlar