BELTA: Lukaşenko ozalky SSSR ýurtlaryndan Belorussiýa göçüp gelýänler üçin amatly şertleri döretmegi teklip etdi
01.04.2023 | 19:34 |"Biz ruhy-ahlak ýörelgelerimizi paýlaşýanlaryň, geljek barada alada edýänleriň, çagalaryny däp bolan gymmatlyklar esasynda terbiýelemek isleýänleriň ählisini höwes bilen kabul ederis" – diýip, Belorussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko anna güni belarus halkyna we Milli Parlamente iberen ýüzlenmesinde belleýär.
Döwlet baştutany ozalky SSSR-den Belorussiýa göçmek isleýänler üçin zerur şertleri döretmek barada pikirlenmegi teklip etdi. Ol müňlerçe daşary ýurtlularyň maşgalalary bilen belarus topragyny täze öý we watan edinýändiklerini belläp geçdi. Prezident göçüp gelenleriň arasynda ýokary bilimli, belarus döwleti üçin zerur başarnyklary bolan "eli gyzyl " adamlaryň köpdügini aýtdy.
Lukaşenko: "Şolar ýaly hünärmenlere, öz telekeçilik işini hem ýurdumyza geçirmek isleýän işewürlere itergi berjek anyk şertleri döretmek barada pikirlenmek gerek" - diýdi.
ORIENT news