Iň täze habarlar

Bütindünýä şygyryýet güni: taryhda saklanyp galan ilkinji goşgularyň awtory kim?

22.03.2023 | 00:57 |
 Bütindünýä şygyryýet güni: taryhda saklanyp galan ilkinji goşgularyň awtory kim?

Her ýyl 21-nji martda bellenilýän Bütindünýä şygyryýet güni medeni we dil taýdan beýany we şahsyýetiň iň gymmatly görnüşlerinden birini belleýär. Taryhyň dowamynda şygyrýet jemgyýetiň aýrylmaz bölegidi. Oňa her medeniýetde we her yklymda gabat gelip bolýar. Şygyryýet, iň ýönekeý goşgulary gepleşik we parahatçylyk üçin güýçli katalizator edip, ähli adamzatymyzyň we umumy gymmatlyklarymyzyň beýany bolup durýar.

ÝUNESKO 1999-njy ýylda Parižde geçirilen 30-njy umumy konferensiýada, şahyrana aňlatma arkaly dil dürlüligini öňe sürmek hem-de howp astynda bolan dilleriň eşidilmegine mümkinçilik döretmek maksady bilen 21-nji marty Bütindünýä şygyryýet güni diýip yglan etdi.

Bütindünýä şygyryýet güni şahyrlary hormatlamak, goşgy okamagyň dilden aýdylýan däplerini janlandyrmak, goşgy okamaga, ýazmaga we öwretmäge bolan gyzyklanmany artdyrmak, şygyryýet we teatr, tans, saz we surat ýaly beýleki sungatlaryň arasynda ýakynlaşmagy ösdürmek, şeýle hem goşgy barada giňişleýin habar beriş serişdelerini üpjün etmek üçin sebäpdir. Şygyryýet ähli yklymlardan adamlary birleşdirmegi dowam etdirýär.

ORIENT, Bütindünýä şygyryýet gününiň bellenilmegine adamzat taryhynda saklanyp galan ilkinji goşgulary ýatlatmak bilen goşulýar.

Akkad şasy Sargonyň gyzy Enheduanna iň gadymy şahyr hasaplanýar. Ol 43 asyr mundan ozal ýaşapdy we Şumeriň Ur şäherinde Aý hudaýynyň baş ruhanysydy. Onuň ady «asmanyň bezegi, baş ruhanysy» («En» — baş ruhany, «Hedu» — bezeg, «Anna» — gök) diýlip terjime edilýär.

Hut Akkad şa gyzy dünýäde iň meşhur edebi eserleriň awtory hasaplanýar. Ýagny, ol aslynda dünýä edebiýatynda näbelli şahyr bolup, özüni okyjysy bilen tanyşdyranda «Men, Enheduanna ...» diýip ýazypdy. Ol ýüze çykmazdan ozal, esasan inwentar häsiýetli Şumer ýazgylary ýöne ady näbelli, golsuzdy.

Iň azyndan 53 saklanyp galan gimn oňa degişli hasaplanýar. Hut şu gimnler adamzat taryhyndaky iň gadymy şygyryýet nusgalarynyň biridir. Gadymy Şumer mifologiýasy bilen içgin tanyşman olara düşünmek we baha bermek kyn. Ýöne käwagt bu gimnlerde kyrk üç asyryň dowamynda özüne çekijiligini ýitirmedik setirler gabat gelýär.

Enheduanna, Ebih dagynyň eňňidindäki jennet kimin peýzažyny şeýle suratlandyrýar:

Arslan jübütleri kölegede gezýärler

şahalarynyň uzyn egrileriniň aşagynda,

çal ýüňli goýunlar

we uly gözli sygyrlar

çopansyz depž çykdylar,

gidip barýan ýabany öküzleriň

otlar, yranyp, aýaklaryňyzy gyjyklaýarlar,

Aý kimin şahly turalar

serwileriň arasynda mähirli.

Enheduanna diňe bir kakasyny söýýän gyzy däl, eýsem onuň wepaly kömekçisi hem bolupdyr. Ol imperiýanyň şäherlerinden aýlanyp, Akkad şasy Sargona syýasy güýjini berkitmäge we Şumer şäher-döwletlerini birleşdirmäge kömek edipdir.

Ybadathanada däp-dessur gurbanlygy wagtynda baş ruhanyny şekillendirýän uly alabaster diski saklanyp galypdyr. Şol döwürdäki ybadathanalar diňe bir dini däl, eýsem bilim merkezleri hem bolupdyr: ruhanylar Mesopotamiýada paýhas saklaýjylar, ylym we sungatyň halyplary bolupdyr.

Diskiň arka tarapyndaky şinehat ýazuwda, onuň üstünde Enheduanna şekillendirilendigi aýdylýar. Şine ýazuwy Mesopotamiýanyň ösüşine uly täsir edipdir. Eger-de biz dürli siwilizasiýalarda çap edilen mowzuklaryň görnüşini deňeşdirsek, onda Ýewropada neşiriň XV asyryň ortalarynda Iogann Gutenberg tarapyndan oýlanyp tapylandygyny, IX asyrda Uzak Gündogarda agaç rulonlardan mowzuklary kagyz aýlawlaryna geçirip başlandyklaryny, Mesopotamiýada bolsa eýýäm biziň eramyzdan öň XXIII asyrda (!) çygly palçykdan ýasalan tabliçkalara ýazylan şine ýazuwly şekilli mermer daşlaryň ulanylandygyny göreris.

ORIENT

Foto: img.mensxp.com

Şeýle hem okaň: