CCTV+: HHR-nyň logistika merkezi 2023-nji ýylyň başynda gaýtadan dikelişi görkezdi
31.03.2023 | 17:12 |Hytaýyň logistika pudagy şu ýylyň ýanwaryndan fewralyna çenli döwürde ýurduň köp pudaklarynda islegiň artmagy bilen bagly gaýtadan dikelmegiň depginlerini ýokarlandyrmagyny dowam etdirdi. Muňa Hytaýyň logistika we satyn almalar federasiýasynyň çap eden maglumatlary şaýatlyk edýär (CFLP).
«Ýanwar-fewral aýlarynda logistika pudagynyň gaýtadan dikeliş meýili aýratyn göze ildi. Onuň esasy sebäbi bolsa ýurtda pandemiýadan soňra umumy islegiň artmagy sebäpli logistika bolan isleg hem gaýtadan dikelýär» - diýip, Pekiniň ulag uniwersitetiniň ýanyndaky Ykdysadyýet we menejment instututynyň direktory Şi Çýanlýan CCTV+ aýtdy.
Ýylyň birinji iki aýynyň dowamynda senagat harytlarynyň logistikasynyň umumy möçberi HHR-da ýyl hasabynda alanyňda 2,4% artdy. Şol sanda senagatyň esasy pudaklarynyň harytlaryna logistiki isleg durnukly gaýtadan dikelýär, şol sanda senagat logistikasynyň gaýtadan dikelmeginiň düýp özeni bolmak bilen gara we reňkli metallurgiýa önümlerine, gurluşyk materiallaryna we beýlekilere isleg gaýtadan dikleýär.
Senagatyň döwrebaplaşdyrylan pudaklaryndaky logistika islegi hem örän aýdyň boldy. Hususan-da, ösüşiň tizleşdirlen depginlerini demir ýollary, gämiler we elektrik maşyngurluşygy önümçiligi üçin enjam öndürmek babatynda logistika hyzmatlarynyň umumy bahasy hem görkezdi.
ORIENT habarlar