Iň täze habarlar

Aşgabatdaky Rus öýi çagalar üçin şekillendiriş sungaty studiýasyny açar

10.03.2023 | 21:19 |
 Aşgabatdaky Rus öýi çagalar üçin şekillendiriş sungaty studiýasyny açar

Aşgabatdaky Rus öýüniň esasynda çagalaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürip biljek şekillendiriş sungaty studiýasyny açmagy meýilleşdirýärler.

Studiýa 6-16 ýaş aralygyndaky çagalar üçin gapylaryny açar. Bu ýerde surat, grafika, heýkeltaraşlyk we ş.m dürli dersler geçirler.

Tejribeli mugallymlar çagalara çeperçilik ukyplaryny ele almaga we giňeltmäge kömek edip, ideýalaryny durmuşa geçirmek üçin dürli usullary we tärleri ulanmagy öwredip halypalyk eder. Şolaryň arasynda, ýaňy-ýakynda Rus öýünde ýaş sungat söýüjileri üçin ussatlyk synpyny geçiren, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, suratkeş-postanowşik Batyr Bekmyradow bar.

− Häzirki wagtda taslamanyň tehniki bölekleriniň üstünde işleýäris we maý aýyna çenli şekillendiriş sungaty studiýasyny açmagy meýilleşdirýäris – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji kätibi Ýuliýa Zaýtsewa ORIENT bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, studiýa iki tertipde işlär – tematiki ussatlyk synplaryny we döredilen topar bilen belli bir maksatnama boýunça yzygiderli sapaklary geçirer.

Artur Petrosýans

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: