Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

24.03.2023 | 22:56 |
 Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Lebedew Döwlet Baştutanyna GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de ýurtda halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Ol saýlaw möwsüminiň türkmen raýatlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçýändigini belledi. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda guralýandygyna şaýatlyk edýär. Myhman saýlawlaryň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow hem-de Sergeý Lebedew Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy, häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerinde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna öz saldamly goşandyny goşýandygy nygtaldy.

GDA-nyň giňişligindäki özara gatnaşyklar meselelerinde Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly köptaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda sport ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmek we giňeltmek boýunça yzygiderli öňe sürülýän teklipler munuň aýdyň subutnamasydyr. GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ähli ýurtlary bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belläp, döwletara hyzmatdaşlygy netijeli utgaşdyrýandygy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: