Iň täze habarlar

Indi drama ýok, diňe gammalar bar: ýaş pianinoçylaryň halypasy we onuň galaktikalary

24.03.2023 | 00:28 |
 Indi drama ýok, diňe gammalar bar: ýaş pianinoçylaryň halypasy we onuň galaktikalary

Garwardly alym Stenli Milgramyň belli nazaryýetine görä, ýer ýüzündäki islendik iki nätanyş adam alty gezek elleşmek arkaly biri-birine baglanyp bilýän bolsa, sazandalarda «adamlardaky ýaly däl». Saz dünýäsi gaty ýakyn. Häzirki zaman sazandalarynyň terjimehallarynyň «göçüpir» ýazylan ýalydygyna üns berdiňizmi?

Hakykatda, olaryň hersi sazçylyk mekdebiniň, sazçylyk uçilişesiniň we konserwatoriýanyň «konweýer lentasyndan» geçýär. Şonuň üçin bir şäherde, ýurtda, yklymda sazandalaryň hemmesi diýen ýaly ... ýaşlykdan diýen ýaly biri-birini tanaýarlar. Sebäbi olaryň, okuw meýilnamasyndan başlap (hünäri boýunça gündelik uzak sagatlyk sapaklary, jemleýji hor ýa-da orkestriň taýýarlyklaryny goşmak bilen) we ýerleşýän ýeri bilen gutarýan (sebäbi, umumy bilim edaralary bilen deňeşdirilende sazçylyk mekdepleri gaty köp däl) çagalygy birmeňzeş.

Sazandalar bir gazanda gaýnaýarlar we hökmany suratda bir-biri bilen kesişýärler. Bu hünäriň adamlaryna Milgramyň ajaýyp nazarýetini ulanmak mümkin däl, onda derrew «näsazlyk» başlar. Mysal üçin, planetanyň dürli künjeginden islendik iki sazandany alyň we olaryň biri-birine «nätanyş» däldigi ýüze çykýar. Olary diňe bir hünär däl, eýsem başga-da köp zatlar baglanyşdyrýandyr. Hatda olaryň mugallym we okuwçy, awtor we ýerine ýetiriji ýa-da diňe bir duete gatnaşyjydyklary ýüze çykar. Aýdyşlary ýaly, gereksizleriň üstüni çyzyň. Mundan başga-da, tutuş sazandalyk durmuşyňyzda bir ýagdaýdan beýlekisine rahatlyk bilen geçip bilersiňiz.

Mende we Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň fortepýano mugallymy, bu ugurda iň gowularyň biri, birnäçe döwlet baýraklarynyň eýesi we zähmet weterany ady Larisa Illarionowna Orazmamedowada- da edil şonuň ýaly. Biz onuň bilen elmydama garşylaşýarys. Çagalygymda men ýaryşda onuň okuwçylary bilen ýaryşdym. Soňra biz Larisa Illarionowna bilen kärdeş boldyk. 14 ýyl soňra ol meniň çagamyň mugallymy boldy. Soňra bolsa men oňa öz eserlerimizň notalaryny getirýärdim. Has golaýda bolsa Orazmamedowanyň synpynyň okuwçylarynyň konserti sebäpli biz onuň bilen garşylaşdyk.

Öňünden aýdaýyn konsert diýseň ajaýyp geçdi. Has beteri konsert barada eşdip Larisa Illarionownanyň uçurymlary oňa ýakymly sýürpriz etdiler. Olar konsert güni gelip, özleriniň hem çykyş etmek isleýändiklerini aýtdylar. Konsertiň maksatnamasyny üýtgedip, ony giňişleýin formatda geçirmeli boldy.

Sazçylyk agşamy iň ýaş pianinoçylaryň çykyşy bilen başlady we soňra olaryň ýerine ulylar geldi. Aýratyn hem Amaliýa Owçinnikowanyň, Ýana Hydyrowanyň, Merýem Şyhyýewanyň, Leýli Amanmyradowanyň çykyşlary ýatda galyjy boldy.

Ýeri gelende aýtsak, zalda diňleýjileriň biri sazlaryň joşgunly ritmlerini şeýle bir halady welin, hatda barmaklaryny şyrkyldadyp we ritm bilen el kakyp başlady. Ol gaty ses bilen sazandalary ruhlandy we şeýdip tomaşaçylaram şatlandyrdy. Çagalar türkmen ussalary Nury Halmammedowyň, Çary Nurymowyň, şeýle hem rus, Ýewropa we amerikan kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Soňra «söz», has dogrusy, sahna uçurymlar Arzygül Ýarjanowa, Anastasiýa Kosnikowa, Damir Jumaýewe, Lidiýa Barsanýana berildi. Hatda, olaryň arasynda Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine fortepianony gowşurmak dabarasyna gatnaşan şol gyzjagaz hem çykyş etdi. Hut şonuň «Saz we matematika» mowzugynda ýazylan çykyşy, premýer-ministr Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň mekdebe gezelenç wagtynda ünsüni özüne çekip, myhmanlara sowgat pikrinde anyk kömek edendigini aýdýarlar. Şeýle hem oňa täze fortepýanoda ilkinji bolup saz çalmak nesip etdi.

Aýratyn hem bu konsertde ýerine ýetirilen Nury Halmammedowyň «Bagyşlama» eseri barada gürrüň bermekçi. Kime bagyşlanandygy barada birnäçe pikir bolup, olaryň hemmesi esasan aýal-gyzlaryň töwereginde aýlanýardy. Emma aslynda kompozitor bu eseri eziz mugallymy W.G. Hirunsewe bagyşlady. Larisa Illarionownany sazçylyk mekdebinde meşhur Hirunsew okadypdyr we ol Halmammedowyň ýadygärlik ýazgysy bilen notalary hut özi gördi. Hatda bu golýazmanyň onda suratyny hem bar.

20230318_160549-1.jpg

Bu hekaýada meni geň galdyrýan zat, dürli döwürlerde ýaşaýan adamlaryň – Halmamedow-Hirunsew, Hirunsew-Orazmamedowa, Orazmamedowa we onuň okuwçylary ... akla sygmajak usul bilen birleşmegi. Eger Milgramyň nazarýetinde uzakdaky iki adamyň baglanyşygy barada aýdylýan bolsa, onda sazandalarda bu düýbünden başga ölçegde – wagtyň ölçeginde bilen bolup geçýär.

Konsertden soň men Larisa Illarionownany ikinji gatdaky hemişeki otagynda baryp görmek kararyna geldim. Onuň synp otagynda ajaýyp diwarlary bar. Suratlaryň we reproduksiýalaryň ýerine olar çarçuwaly diplomlar, hormat hatlary we sylag hatlary bilen bezelen. Okuwçylary olary dürli ýyllarda döredijilik ýaryşlarynda we konkurslarynda gazanypdy. Indi bolsa diwarlarda täze okuwçylardan gazanylanlary asyp boljak kän bir ýerem galmady. Bu diplomly aýnalanan çarçuwalarda Larisa Illarionownanyň bütin ömri we işi şekillenýär. Baýrakly orunlary alan bu oglanlaryň we gyzlaryň atlary ýazylan kagyzjyklar dilsiz şaýatlar, şolbir wagtyň özünde at gazanan mugallymyň zähmetiniň, umytlarynyň we arzuwlarynyň netijesi, ol onuň «geçen ýyllarynyň» şahsy powesti. Biziň hemmämiz üçin bolsa bu 21-nji otagyň hakyky «ýyldyzlar fabrikasy».

Larisa Illarionownanyň okuwçylarynyň köpüsi konserwatoriýany tamamlady, hünärmen boldy we üstünlikli işleýärler. Ýöne şu güne çenli kimdir biri maslahat sorap, kimdir biri üstünliklerini paýlaşmak üçin ýa-da diňe görmek üçin onuň ýanyna gelýärler. Dünýäniň beýleki künjeklerinde ýaşaýanlar bolsa, Larisa Illarionowna yzygiderli jaň edýärler. Bu gowy zat. Sebäbi Ysraýylda, Russiýada, Awstraliýada ýa-da Amerikada ýaşaýan okuwçylary, wagt tapawydyna garamazdan, halaýan mugallymy bilen gürleşmek üçin wagt tapyp ýörite ýatman garaşýarlar ýa-da ir turýarlar.

Okuwçylary barada gürrüň berende Larisa Illarionowna ýylgyrýar we wagtal-wagtal zehinli, ýöne henizem garagol ýaşlaryň gözleri olara seredýän ýaly, diwaryň çarçuwalaryna enelik mähirli we mylaýym seredýär. Larisa Illarionowna diplomlaryň haýsydyr birine seredende derrew şonuň eýesi bilen baglanyşykly gyzykly hekaýalary ýadyna düşýär.

Mundan başga-da, okuwçylarynyň nähili köp we tutanýerlilik bilen okandyklary, taýýarlanandyklaryny, şeýle hem hergün pianinoçylaryň ulanmak üçin hatara düzülýän roýalynyň duran mekdep zalyny «hüjüm bilen» diýen ýaly alýandyklaryny hem ýatlaýar. Sebäbi synpda fortepianonyň başynda otyrmak aýry, konsert sahnasynda roýaly «elläp görmek» aýry. Onda duýgular, ses we howasy hem aýry. Bu guralyň şalaryňky diýilmegem ýönelige däl. Diňe «roýal üçin söweşi» gazanan ýaş pianinoçylar oňa ygtyýary bolup, demini dürsläp, ak dişli, gara ganatly laklanan ajaýyplygyň klawiaturasynyň öňünde otyrýarlar. Repetisiýa tamamlanadan soň bolsa düýbünden başgaça adam bolup, ýagny birazyrak özüni artist duýyp konsert zalyndan çykýarlar.

Emma elmydama hemme zat tekiz gidenok. Daşyndan seredende pianino çalmak aňsat we ýönekeý ýaly. Aslynda bu erkin ýeňil hereket edýän barmajyklaryň aňyrsynda her günki köp sagatlyk dowzah zähmeti ýatyr. Pianinoçylar her passažy, akordy, saz öwrümini ýa-da sözüni inçeden öwrenmeli. Gürrüň bu ýerde diňe tärde we çaltlykda däl, eýsem ses hilindede.

Men her pianinonyň klawiaturasynyň ençeme gezek, içgysgynç gammalary we ýumuşlary gaýtalamagyň ýerine howluda top kowalamak isleýän ýaş sazandalaryň göz ýaşyna ýuwunma däbini geçýändigini anyk bilýärin. Bu ähli gammaly «dramalar» barada öz tejribämden bilýärin. Öz balasyny sazçylyk mekdebine beren ata-eneler köplenç ýaş sazandalaryň çykarýan «pitne» we «gozgalaňlaryny» ýatyrmak bilen meşgullanmaly bolýarlar.

Larisa Illarionownanyň aýtmagyna görä, okuwdan ýadan çagalary, «şowsuzlyk» wagtlarynda psihiki we ahlak taýdan goldamaly, saýlan ýolundan göwni geçmez ýaly, saza höwesini ýitirmez ýaly okuwa höweslendirmeli ýagdaýlaram bolýar. Ine şunda tejribe, dogry ýakynlaşma, mugallymyň kiçijik adamjyga yzygiderli sapaklaryň nämä gerekdigini düşündiriň bilmegi örän möhümdir. Ynha şeýle mugallym we okuwçynyň bilelikdäki tagallary bilen, pianinoçylarda aýdylşy ýaly «dört el» bilen ähli meseleler çözülýär.

Larisa Illarionowna bolsa muny ussatlyk bilen başarýar. Çagalar bilen ol elmydama öz deňi ýaly bolup, açykgöwünli, mähirli, aladaçyl, şolbir wagtyň özünde takyk we talap ediji. Öz işiniň hakyky ussady!

20230318_161355-1.jpg

Larisa Illarionowna okuwyň birinji ýyly çaga bilen barmaklaryny klawiatura dogry goýmagyň üstünde işleýär. Hysyrdyly, ädimme ädim öz pianistlerini, özüniň aýdyşy ýaly «ýyldyzjyklaryny» emele getirýär we ýasaýar.

Näçe kiçilikden, mysal üçin alty-ýedi ýaşdan saz bilen meşgullanmaga başlasan şonça gowy hasaplanýar. Birinji synpyň okuwçylarynyň kiçijik barmajyklary maşýgak, süýngüç, edil ýumşak oýun hamyry ýaly. Çagalaryň käbiri heniz elinde ruçkanam gowy saklamany bilmeýär, ýöne özüniň ilkinji sazlaryny çalýarlar. Çagalar beýikligi sazlanýan otyrgyçda otyrmaly bolýarlar.

Emma olaryň hemmesinde beýle aýlanýan otyrgyç ýok. Beýle bolanda otyrgyjyň üstüne galyň sözlükler we ensiklopediýalar goýulýar we döredilen «Eýfel diňiniň» iň ýokarsyna ýaş pianist otyrýar. Aslynda men bagtly. Sebäbi çagalygymda şeýle otyrgyjym bolupdy. Biz dostlarymyz bilen onda oýnamany we güýmenmäni halaýardyk. Mysal üçin, onda aýlanyp we «kosmonawtlyga» taýýarlanyp bolýardy.

Okuw wagtynda Larisa Illarionowna üçin islendik ownuk zat möhüm. Derse başlanda ol hökman çagadan «Ýagdaýyn nähili?», «Sen açmy?», «Ýadamadyňmy?», «Üşemediňmi?»…diýip gyzyklanýar. Ondan başga-da ol okuwçylarynyň öýünde nähili şertlerde okaýandyklaryny sorar.

Okuwçylarynyň ata-eneleri köplenç guraly «barlar» ýaly, sazlanşygyň dogrulygyny, klawişalaryň gatylygyny görer ýaly, onuň otagdaky ýerini düzder (pianino şemala we çyglylyga duýgur gural) ýaly ony öýlerine çagyrýarlar. Şeýle hem ol oturgyjyň beýikligini sazlaýar, okuwçynyň guraldan nähili aralykda otyrmalydygyny kesgitleýär, umuman bärde ujypsyz aýratynlyklar köp.

Ine şeýdip hergün Larisa Illarionowna mähirli feýa ýaly, sazçylyk mekdebine getirilýän oglanjyklary we gyzjagazlary ýalpyldaýan sazandalara öwürip zähmety çekýär. Iň gyzyklysam, olar hem Larisa Illarionownanyň otagyna ilkinji gezek girende onuň synp diwarlaryny görüp, edil meniň ýaly beýan edilmeýän täsinligi duýýarlar we dessine diwarda asylgy diplomlaryň arasynda özleriniň geljekki sylaglary üçin ýer gözläp başlaýarlar.

Göni we göçme manyda aýdanda «Ýyldyz» mugallym, zehinli türkmen pianistlerinden bütin galaktikany döretdi we gazanylanlar bilen ýetinmeýär. Bu dogry. Sebäbi fizikanyň kanunlaryna görä, äkem elmydama ösmeli we giňelmelidir.

Ayna SHIROVA

Foto: автора

Şeýle hem okaň: