Iň täze habarlar

BelTA: Lukaşenko Belorussiýanyň ŞHG-na agzalygy üçin borçnamalary baradaky ähtnamanyň taslamasyny tassyklady

10.02.2023 | 22:47 |
 BelTA: Lukaşenko Belorussiýanyň ŞHG-na agzalygy üçin borçnamalary baradaky ähtnamanyň taslamasyny tassyklady

Belorussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belorussiýanyň ŞHG-na agza bolmak üçin borçnamalary baradaky ähtnamanyň taslamasyny tassyklaýan karara gol çekdi. Bu barada döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, BelTA habar berýär.

2010-njy ýyldan bäri Belorussiýa ŞHG-nyň dialogynyň hyzmatdaşy bolup gelýär, 2015-nji ýyldan bäri bolsa Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda synçy derejesine eýedir. Geçen ýyl guramanyň agza-döwleti derejesini almak boýunça işe badalga berildi.

Agza bolmagy resmileşdirmek üçin ähtnama gol çekilmeli we ol tassyklanmalydyr, şeýle hem bu guramanyň şertnama-hukuk esasyny düzýän resminamalaryň birnäçesine goşulmak zerur bolup durýar.

ORIENT habarlar

Foto: russiancouncil.ru

Şeýle hem okaň: