Iň täze habarlar

China daily tarapyndan geçirilen pikir soraşma: Hytaýda boljak «iki sessiýadan» has köp näme garaşylýar

08.02.2023 | 12:19 |
 China daily tarapyndan geçirilen pikir soraşma: Hytaýda boljak «iki sessiýadan» has köp näme garaşylýar

Indiki aý Hytaýda «iki sessiýa» ady bilen mälim bolan her ýylky geçirilýän parlament ýygnaklary açylýar.

Bu halk wekilleriniň Umumyhytaý ýygnagynyň Mejlisi we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Umumyhytaý komitetiniň mejlisidir, olar hökümetiň geçen ýyldaky işine garamak we ýurduň mundan beýläkki syýasy we ykdysady ugruny kesgitlemek üçin müňlerçe milli kanun çykaryjylary we syýasy geňeşçileri ýygnarlar.

«Iki sessiýa» her ýyl Hytaýyň durmuşynda baş syýasy waka bolup, olar platformanyň ornuny eýelemek bilen, şonuň üsti bilen bütin dünýä häzirki zaman Hytaý döwletine has gowy göz ýetirip bilýär.

Şunuň bilen baglylykda, China daily onlaýn-pikir soraşma badalga berdi, ol okyjylary geljekki sessiýalarda olary nämäniň has gyzyklandyrýandygyny, olaryň pikirine görä mejlisde haýsy meselelere garaljakdygyny paýlaşmaga çagyrýar.

Pikir soraşmany China daily neşiriniň saýtynda geçip bolýar .

ORIENT habarlar

Foto: China daily

Şeýle hem okaň: