Iň täze habarlar

China daily: Bütindünýä banky Hytaýda durnukly ykdysady ösüşiň boljakdygyny çaklaýar

14.01.2023 | 23:11 |
 China daily: Bütindünýä banky Hytaýda durnukly ykdysady ösüşiň boljakdygyny çaklaýar

Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä bütindünýädäki ykdysady ösüşde haýallama bolmagyna garamazdan Hytaýyň ykdysadyýeti berkär - diýip,China daily habar berýär.

Şeýlelikde, Hytaýyň ykdysadyýeti şu ýyl 4,3 % we indiki ýyl 5% öser. Bu ýurduň COVID-19-a jogap bermegiň täze tapgyryna geçenden soň edilen ilkinji uly çaklamadyr.

«2023-nji ýylda Hytaýda pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler gowşadyldygyça, ösüşiňýokarlanmagy çaklanylýar» – diýip, Bütindünýä bankynyň çap eden «Bütindünýä ykdysady geljekler»hasabatynda aýdylýar.

Ýarymýyllyk hasabat hem Hytaýdan beýleki ähli esasy ýurtlarda we sebitlerde JIÖ-iň ösüşiniň haýallajakdygyny öňünden aýtdy.

Meselem, Birleşen Ştatlardaky ösüş 2023-nji ýylda 0,5%-e çenli aşak düşer, bu bolsa 1970-nji ýylda bolup geçen yza gaýtmanyň daşynda iň gowşak görkezijidir – diýip, Bütindünýä banky beýan etdi.

Ýewrozolak üçin JIÖ-iň ösüşi 1,9% kemelmäge tarap gaýtadan seredildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Hytaýyň pandemiýa bilen göreşinde öz tagallalaryny ýokanjyň öňüni almakdan onuň agyr halatlaryny bejermeklige geçmeginden birnäçe hepde öň Halkara walýuta gaznasy 2023-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň 4,4% boljakdygyny öňünden aýtdy.

Hytaýyň bank we ätiýaçlandyryş işjeňligini kadalaşdyrmak boýunça Komissiýasynyň başlygy Go Şusin ýurduň öz ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine we gowulanmagyna ýardam eder ýaly onuň öz pul-karz syýasatyny has maksada gönükdirilen we netijeli etjekdigini beýan etdi.

ORIENT habarlar

Foto: China daily

Şeýle hem okaň: