Hytaýyň Täjirçilik ministrligi: ýuan daşary ýurt geleşiklerinde meşhurlyga eýe bolýar
14.01.2023 | 16:50 |Hytaýyň milli puly ýurduň onuň söwdada we maýa goýumynda ulanylmagy üçin edýän tagallalarynyň netijesinde daşary ýurtlardaky geleşikleriň we hasaplaşyklaryň meşhur serişdesine öwrülip barýar. Bu barada Sinhua agentligi HHR-nyň Täjirçilikministrligine salgylanyp, habar berýär.
Edaranyň resmi wekili Şu Szýuetiniň sözlerine görä, ýuandaky daşary ýurt hasaplaşyklarynyň umumy möçberi göni maýa goýumynyň çäklerinde 2022-nji ýylda 7,92 trln ýuan (1,17 trln ABŞ-nyň dollary töweregi) boldy. Bu 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 37,3% köpdür.
Mundan başga-da, ýuandaky daşary ýurt hasaplaşyklarynyň möçberi geçen ýylda göni maýa goýumynyň çäklerinde ýyllyk hasaplamada 6,76 trln ýuana çenli – 16,6% artdy. Daşary ýurt maýa goýumynda we maliýeleşdirmede ýuana bolan isleg,şeýle hem töwekgelçilikleri dolandyrmak hem ösüpdir.
Şu Szýuetin halkara söwda-ykdysady gurşawyň durnuksyzdygyna garamazdan, soňky üç aýyň dowamynda Hytaýyň daşary söwda pudagy güýçli durnuklylyk we ýaşamaga ukyplylyk görkezip, çynlakaý töwekgelçilikler bilen synagdan geçdi - diýip, nygtady.
ORIENT habarlar