Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti: Aşgabadyň milli muzeýlerine syn

11.01.2023 | 20:40 |
 Türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti: Aşgabadyň milli muzeýlerine syn

Türkmenistanyň çäginde adamzadyň taryhy onuň döreýişinden başlap biziň günlerimize çenli dioramalarda, fotosuratlarda, resminamalarda we arheologik tapyndylarda suratlandyrylandyr. Onuň medeniýetini, gündelik durmuşyny, dessuryny, senetçiligini, binagärligini we sungatyny bilmek üçin milli muzeýlere baryp görmek ýeterlikdir, şu materialda biz olar barada gürrüň bereris.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi (Baş milli muzeý)

История и культура туркменского народа: обзор национальных музеев Ашхабада

Bu ýerde taryh we etnografiýa Muzeýi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Muzeýi ýerleşýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi – meýdany 15 müň inedördül metre deň bolan garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji we iň uly muzeýidir. Onuň resmi açylyşy 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda boldy.

Toplum fin granitinden, agajyň gymmatbahaly hilinden we bürünçden häzirki zaman milli binagärligiň däplerinde gurlandyr. Bezeg hökmünde metaldan ýasalan torly gözenekler, bezeg karnizler we tonirlenen witražlar ulanylypdyr. Taryh we etnografiýa muzeýi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi ýerleşýän iki sany bina 2009-njy ýylda gurlup ulanyşa berildi. Ähli üç bina sütünli açyk galereýa birleşdirýär.

Şu günki günde muzeýiň ekspozisiýasy 7 sany tematiki galereýa bölünendir we jemi 166 müň ajaýyp eksponatlary bardyr. Taryh we etnografiýa Muzeýinde Nusaýdan, Merwden we Goňurdepeden tapylan gadymy artefaktlar, gadymy türkmen halylarynyň ýygyndysy, milli egin-eşikleriň seýrek nusgalary, zergärçilik (inçe) şaý-sepleri, gadymky ýaraglar ýerleşýär. Bu ýerde Afinanyň, Erotyň heýkeljiklerini, kümüşden ýasalan we altyn çaýylan grifony, Parfiýa patyşalygy döwrüniň önümlerini, altyndan ýasalan şaý-sepleri we Margianadan tapylan medalýon-möhürleri, budda artefaktlaryny, dinozawrlaryň penjeleriniň yzlaryny, agramy 820 kg bolan Köneürgenje düşen meteoriti görmek bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Muzeýiniň 10 sany tematiki zallarynda bolsa ýurduň iň täze taryhyny görkezýän Prezidentiň şahsy zatlary, döwlet baştutanlarynyň beren sowgatlary, gymmatbahaly arhiw resminamalary we fotomateriallary, şeýle hem Prezidentiň wezipä girişmek dabarasynyň nyşanlary görkezilendir.

Muzeýde surata almak we şekil ýazmak gadagandyr, ýöne goşmaça töleg töläp, surata düşmek hyzmatyny sargyt edip bolýar. Şeýle hem ol ýere barýanlara audiogidiň hyzmatlary elýeterlidir. Ýogsa-da, muzeýiň resmi saýtynda oňa wirtual gezelenç edip hem bolýar.

MUZEÝI GÖRMÄGE BARÝANLAR ÜÇIN MAGLUMAT:

Giriş biledi:

– Türkmenistanyň raýatlary üçin: ulular 3 m., 7 ýaşa çenli çagalar üçin tölegsiz, 15 ýaşa çenli çagalar üçin – 0,2 m., talyplar üçin – 1 m., pensionerler üçin tölegsiz;
– daşary ýurt raýatlary üçin bilediň bahasy $10.

Gezelenç:

– Türkmenistanyň raýatlary üçin: ulular 2 m., 7 ýaşa çenli çagalar üçin tölegsiz, 15 ýaşa çenli çagalar üçin – 0,2 m., talyplar üçin – 1 m., pensionerler üçin tölegsiz;
– audiogid – 2 m.
– daşary ýurt raýatlary üçin – $10.

Iş wagty: 10.00.-dan 17.00 çenli (arakesme: 13:00-14:00), dynç güni – sişenbe.

Jemgyýetçilik ulagy: awtobuslar № 9, 19, 20, 34, 39,42, 56.

Salgysy: Aşgabat, Arçabil şaýoly, jaý 30 (Türkmenistanyň Baş Baýdagynyň garşysynda).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 48 25 92.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň şahamçalary:

– «Garaşsyzlyk» muzeýi: Türkmenbaşy şaýoly, 95
– «Galkynyş» muzeýi: Arçabil şaýoly, 97
– «Bitaraplyk» muzeýi: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 55

Iş wagty: 9:00-17:00

Dynç günleri: şenbe we ýekşenbe, sişenbe günleri – muzeý gelip görýänler üçin ýapykdyr.

Türkmen halysynyň milli muzeýi

История и культура туркменского народа: обзор национальных музеев Ашхабада

Türkmen halysynyň muzeýi bütin dünýäde şunuň ýaly ýeke-täk muzeýdir. Ol 1993-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen halyçylyk sungatynyň däplerini gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak we döredijilik taýdan ösdürmek üçin döredildi. Muzeýiň meýdany 5 müň inedördül metrden sähel geçip, ol “Türkmenhaly” döwlet konserniniň dolandyryş binasynyň ýanynda ýerleşýär. Ol ýerde halkara ylmy forumlar we maslahatlar geçirilýär.

Muzeý Türkmenistanyň medeniýet merkezleriniň biridir. Muzeý 2000 golaý haly eksponatlary, şol sanda seýrek halylary: iň kiçijigi – ölçegi 0,01 inedördül metr bolan açara dakylýan halyjygy we meýdany 301 m2bolan we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen elde dokalan dünýädäki iň äpet halyny özünde jemleýär. Iň gyzyklysy bolsa, siz muzeýde birmeňzeş gölli iki haladuşmarsyňyz.

История и культура туркменского народа: обзор национальных музеев Ашхабада

Muzeýde şeýle hem gadymy (köne) halylaryň dikeldiş işlerini hem geçirýärler: üç-dört ýüz ýyl mundan öň dokalan ikitaraplaýyn, güberçekli, ýüpek halylar täze görnüşe eýe bolýarlar. Şol sanda her inedördül metrinde 1 350 000 çitim bolan halylar. Ol ýerde gadymy halylaryň jemi 8 müň nusgasy saklanýar.

MUZEÝE GELÝÄNLER ÜÇIN MAGLUMAT:

Salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 158

Iş wagty: duşenbe-anna. 9.00-dan 18.00 çenli, şenbe, ýekşenbe – dynç güni.

Telefon belgileri: (+993 12) 39-88-86.

Şekillendiriş sungatynyň Milli muzeýi

История и культура туркменского народа: обзор национальных музеев Ашхабада

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi – çeperçilik muzeýi bolup, Merkezi Aziýadaky iň uly muzeýleriň biridir.

Muzeý 1927-nji ýylda rus heýkeltaraşy A. A. Kareliniň ýolbaşçylygynda esaslandyryldy. Özüniň şu günki adyny 2005-nji ýylda durky täzelenip, açylandan soň aldy. Üç gatly jaýyň umumy meýdany 17 müň inedördül metre deňdir. Ýerasty jaýynda gaýtadan dikeldiş, ussahanalar, ammarlar, laboratoriýa, kitaphana, neçjarçylyk sehi, tehniki hyzmatlar we ş.m. ýerleşýär.

Muzeýde on bir sany sergi zaly hereket edýär, ol ýerde häzirki zaman türkmen sungatynyň eserleri: nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, halylar, gobelenler, keramika, zergärçilik eserleri görkezilendir.

История и культура туркменского народа: обзор национальных музеев Ашхабада

Şeýle hem onda günbatar ýewropanyň XIV–XXasyrlaryň sungatynyň, XVIII-XX asyrlaryň rus nakgaşlarynyň ýygyndylary, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Eýranyň amaly-haşam sungatynyň nusgalary ýerleşýär. Gadymy sungat zalynda Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilen arheologik gazyp agtaryşlaryň netijesinde muzeýe getirilen seýrek eksponatlar görkezilendir. Muzeýiň jemi ýygyndysynda ýüzlerçe suratlar, halylar, heýkeller we gymmatbahaly metallardan ýasalan önümler bardyr.

MUZEÝE GELÝÄNLER ÜÇIN MAGLUMAT:

Salgy: Aşgabat ş., Alişer Nowaýy köçesi, 88

Telefon belgileri: (+993 12) 01-20-12, (+993 12) 92-71-69.

Aşgabatda we onuň töwereginde baryp görer ýaly başga muzeýler hem bar. Türkmenistanyň janly tebigatynyň milli muzeýi Aşgabadyň etegindeýerleşýär. 40 ga golaý meýdanda haýwanlaryň, guşlaryň, mör-möjekleriň, süýrenijileriň we balyklaryň 250 golaý görnüşi ýaşaýarlar.

«Ak bugdaý» Milli muzeýi (Ak bugdaýyň muzeýi) – dünýädäki ýeke-täk bugdaý muzeýi – Änew şäherinde ýerleşýär. Muzeýiň häzirki duran ýerinden uzak bolmadyk ýerde 1904-nji ýylda arheologlar b.e. öňki 3 asyra degişli bolan bugdaý dänelerini tapdylar. Eksponatlaryň arasynda şol döwre degişli bolan un degirmen daşyny, b. e. öňki III-II müňýyllygyň gurallaryny we gadymky keramika gaplary görmek bolýar.

Muzeý «Watan Mukaddesligi» «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň çägindeýerleşýär. Bu ýerde Beýik Watançylyk urşy döwrüniň eksponatlaryny we ХХ asyrda Aşgabatda bolup geçenweýrançylykly ýer titremesiniň eksponatlaryny görmek bolýar.

ORIENT
Surat: tripadvisor.ru

Foto: tripadvisor.ru

Şeýle hem okaň: