Iň täze habarlar

2022-nji ýylyň göreniňe degýän iň gowy filmleri

10.01.2023 | 17:50 |
 2022-nji ýylyň göreniňe degýän iň gowy filmleri

ORIENT 2022-nji ýylyň iň gowy filmleriniň sanawyny düzdi, olary tomaşaçylaryň görmedik bolmagy mümkin. Biz dürli meşhur žanrlardan iň gowy filmleri ýygnamaga çalyşdyk, onda her kim özi üçin gyzykly zat tapyp biler.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Awatar 2: Suwuň ýoly

Film dekabr aýynda çykdy we onuň kassa ýygymy şu wagt eýýäm 1 milliard dollardan geçdi. Bu film 2022-nji ýylyň iň uzak garaşylan filmi boldy. Awataryň keşbini kabul edenden soň esger Jeýk Salli täze dostlaryny Ýerdäki korporasiýanyň nebisjeň baştutanlaryndan goramagy öz üstüne alýar. Haçanda ýerdäkiler Pandora dolanyp gelenlerinde, Jeýk olara gaýtargy bermäge taýýarbolýar.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Doktor Strenj: Aňsyzlygyň multiäleminde

Sýužet boýunça jady ylmyndan baş çykarýan doktor Strenj Amerika Çawes atly ýetginjek gyzy osminoga meňzeş äpet nägehandan halas edýär. Gaty gorkan wagty Amerika parallel älemlere portallary açyp bilýär. Tötänden olar Doktor Strenj bilen başga bir dünýä düşýärler, ol ýerde Marweliň ozalky filmlerindäki tanyş gahrymanlar täze görnüşde peýda bolýarlar.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Pyçagy çykarmak: Aýna düýp sogan

2019-njy ýylda detektiw žanryny halaýanlary begendiren “Pyçagy çykarmagyň” dowamy, 2022-nji ýylda öz bezegini düýpgöter üýtgetdi we tomaşaçylary düýbünden täze gahrymanlar bilen tanyşdyrýar. Ýiti akylly sýužet tomaşaça, edil sülçi ýaly, ssenarist we režissýor Raýan Jonsonyň syryny tapmagy teklip edýär.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Betmen

Iki ýyllap Gotemiň köçelerinde adalaty gözländen soň Betmen rehimsiz ar alyşyň beýan etmesi (janlandyrmasy) bolýar. Haçanda şäherde elhenç hüjümleriň yzly-yzyna birnäçesi bolup geçende, deliller Brýus Ueýni jenaýatçylaryň dünýäsiniň iň garaňky çola künjüne getirýär, ol ýerde oňa Aýal-Pişik, Pingwin, Karmaýne Falkone we Gümürtikçil sataşýar.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Günbatar frontda üýtgewsiz

Režissýor Edward Bergeriň Erih Mari Remarkyň ady bir romanynyň esasynda düşüren nemes filmi, tomaşaçylary birinji Jahan urşunyň söweş meýdanlaryna eltýär. Kartina uruş jeňleriniň adam durmuşynyň gadyryny gaçyrýan ähli manysyzlygyny beýan edýär, şeýle hem tomaşaçylary parahatçylygyň gadyryny bilmäge çagyrýar.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Fantastiki mahluklar: Dambldoryň syrlary

Professor Albus Dambldor kuwwatly gara jadygöý Gellert Grin-de-Waldyň dünýäde hökmürowanlygy ele almagy meýilleşdirýändigini bilýär. Ony ýeke özüniň duruzyp bilmejegine düşünip, Dambldor magozoolog (haýwanlaryň jadygöýi) Nýut Salamanderden öňdebaryjy jadygöýleriň we bir çörek bişirijiniň toparyna baştutanlyk etmegini soraýar. Olara howply başdan geçirmeler garaşýar, köne jadyly jandarlar bilen duşuşyk, şeýle hem sany barha köpelýän Grin-de-Waldyň tarapdarlary bilen söweş.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Ýura döwrüniň Parahatçylygy: Hökümdarlyk

Sýužet boýunça dynç alyş parkyndaky alymlar tarapyndan döredilen dinozawrlar azatlyga çykýarlar we planetany doldurýarlar. Adamlara ýerde diňe iki görnüşiň parahatçylykly ýaşamagyny kesgitleýän näzik deňagramlylygy saklamak başardýar. Ýöne taryhdaky iň gorkunç jandarlar bilen bir ýerde ýaşap, adam öz agalygyny näçe wagtlap saklap biler?

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Men gyzarýaryn

Her gezek tolgunanda äpet gyzyl panda öwrülýän 13 ýaşly gyzjagaz hakyndaky komediýa filmi.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Garaňkylygyň çagalary: Ilkinji pida

Film 2009-njy ýylda çykan “Garaňkylygyň çagalarynyň” filminiň prikwelidir. Sýužetiň merkezinde Estoniýanyň ruhy keseller klinikasyndan gaçyp, ABŞ-na ugraýan Lina Klemmer. Gyz özüne Ester adyny alýar we baý nesliň ýiten mirasdüşeri diýip özüni tanadýar.

Лучшие фильмы 2022 года, которые стоит посмотреть

Suzume, ýapylýan gapy

Makoto Sinkaý tarapyndan döredilen doly metražly anime-film, ol 2022-nji ýylda bu žanry halaýanlar üçin iň garaşylýan filmleriň biri boldy. Sýužet boýunça 17 ýaşly Suzume asuda şäherjikde ýaşaýar we bir gapyny gözleýän ýaş syýahatça duşýar. Gyz onuň bilen birikýär we olara gyzykly başdan geçirmeler garaşýar.

Tema boýunça okaň:

2023-nji ýylyň birinji hepdesiniň esasy filmleriniň we seriallarynyň onlaýn täze görkezilişleri

2023-nji ýylyň 10 sany iň köp garaşylýan serialy

2023-nji ýylyň iň köp garaşylýan filmleri - senenama

ORIENT
Surat: amic.ru, film.ru, kanobu.ru, ixbt.com, kommersant.ru, the-flow.ru, 7days.ru

Foto: amic.ru, film.ru, kanobu.ru, ixbt.com, kommersant.ru, the-flow.ru, 7days.ru

Şeýle hem okaň: