Iň täze habarlar

Täze ýyl baýramçylyklaryny nädip daşky gurşawa zyýan ýetirmezden geçirmeli

23.12.2022 | 17:31 |
 Täze ýyl baýramçylyklaryny nädip daşky gurşawa zyýan ýetirmezden geçirmeli

Täze ýyl baýramçylyklary ýetip gelýär — eýýäm tiz wagtdan sagadyň jaňy 12 gezek urar. Bu bolsa sowgatlary taýýarlamagyň, baýramçylyk saçagy üçin tagamlaryň sanawyny düzmegiň, bir söz bilen aýdanyňda maşgala baýramçylygy üçin söwda etmegiň wagtynyň gelendigini aňladýar.

Baýramçylyga taýýarlyk görmegiň başagaýlygynda hatda daşky gurşawy goramagyň iň işjeň tarapdarlary hem baýramçylyk söwdasynyň daşky gurşawa ýaramaz täsir edýändigini unudyp bilerler. Şunda BMG-niň daşky gurşaw boýunça barlaglary geçirýän Maksatnamalary parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 2/3-niň adaty adamlaryň işjeňligi bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

ORIENT howpsuz we ekologiki taýdan arassa dynç almaga çagyrýar, ýatda galyjy baýramçylyklary daşky gurşawa zyýan bermän nädip geçirip boljakdygy barada aşakdaky maslahatlarymyzy siziň bilen paýlaşýarys.

Azyk çykdajylaryny kemeldiň

Baýramçylyk saçagy üçin gerekli zatlary satyn alanyňyzda diňe size gerekli bolan zatlary satyn alyň. Her ýylda dünýäde öndürilýän azyk önümleriniň 1/3 bölegi taşlanylýar – bu bolsa ortaça 1,3 mlrd tonna golaýdyr. Öý hojalyklaryň derejesinde takmynan 570 mln tonna azyk önümi ýitirilýär ýa-da taşlanylýar. Bu galyndylar biodürlüligiň ýitmegine, howanyň hapalanmagyna we üýtgemegine alyp barýar.

Sowgatlary özüňiz taýýarlaň ýa-da gaýtadan işleneni satyn alyň

Как провести новогодние праздники без вреда для окружающей среды

Sowgatlyklary taýýarlamakda döredijilikli çemeleşiň , olary özüňiz ýasaň. Meselem, öýde bişirilen köke. Ýa-da sowgatlary gaýtadan işlenen ekologik taýdan arassa materiallary öndürýän kompaniýadan satyn alyň. Şeýle etmek bilen, siz ýapyk dolanyşykly ykdysadyýetiň ilerlemegine ýardam edersiňiz, bu bolsa galyndylary kemeltmäge gönükdirilendir.

Ulanylan zatlary sowgat ediň

Baýramçylyk möwsüminde bölek satuw bilen meşgullanýanlaryň köpüsi arzanlaşygy yglan etmek bilen müşderileri özüne çekýär. Satyn almaga meýilli bolmakdan saklanmaga çalşyň. Onuň ýerine ulanylan, ýöne özboluşly zatlary satyn alyň we öýdäki gerek bolmadyk zatlary täze şekilde ulanmaga synanyşyň. Şeýlelikde, siz materiallary gaýtadan ulanmaklygy öňe sürersiňiz.

Bir gezeklik ulanylýan zatlaryň ýerine köp gezek peýdalanyp bolýan zatlary ulanyň

Plastikden ýasalan zatlar bilen hapalanmak meselesi doly ýaşaýyş aýlawynyň çemeleşmesini talap edýär, onda sarp edijiler kesgitleýji orun eýeleýärler.

Siz bir gezeklik ulanylýan plastik gaplara “ýok” diýmek bilen başlap bilersiňiz. Sowgatlary gaýtadan işlenen kagyza ýa-da köp gezeklik ulanyp boljak materiala, meselem - mata dolamaga synanyşyň. Şeýle hem bir gezeklik bulgurlary, suwly plastik gaplary, iýmit üçin konteýnerleri ulanmakdan gaça duruň we olaryň ýerine köp gezek peýdalanyp bolýanlaryny ulanyň.

Baýramçylyk gaplary taşlamazdan öň her ýylda bütin dünýä boýunça 11,2 mlrd tonna zyýanly galyndylaryň toplanýandygyny göz öňünde tutuň. Plastik bilen hapalanma ekoulgamyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak mümkinçiligini peseldip biler, meselem, millionlarça adamlaryň ýaşaýyş üçin gazançlaryna, azyk önümleriniň öndürilişine we abadançylyga gönüden-göni täsir edýär.

Ösümliklerden alnan azyk önümlerini ulanyň

Как провести новогодние праздники без вреда для окружающей среды

Bu baýramçylyk möwsüminde siz ösümlik iýmitine baý bolan berhizi synag edip görüň. Ýer ýüzünde gök önümleriň esasynda taýýarlanylýan tagamlaryň usullarynyň ägirt köp görnüşi bar we olar hem ýokumly hem-de planeta üçin howpsuzdyr. Bu bolsa öz gezeginde adamyň saglygyny gowulandyrýar we parnik gazlarynyň çykyşyny kemeldýär.

Et önümçiligi howa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň esasy sebäbi bolup durýar. Alymlar güýçli parnik gazybolan - metanyň antropogen zyňyndysynyň 32% maldarçylyk pudagyna düşýändigini belleýärler.

ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com, unep.org

Şeýle hem okaň: