China Daily: göçgünli Pekin adaty durmuşa gaýdyp gelýär
05.01.2023 | 20:24 |Dykyn almalar, metronyň galmagally stansiýalary we şagalaňly söwda merkezleri Hytaýyň paýtagtynyň uzak wagtlap dowam eden pandemiýa çäklendirmelerinden soňra adaty durmuşa gaýdyp gelýändigine şaýatlyk edýär – diýip, China Daily habar berýär.
Ulag merkeziniň maglumatlaryna görä, şäherdäki metro stansiýalarynda 2,41 mln adamyň şäheriň daşyna gitmeleri hasaba alyndy, awtobus gatnawlarynyň sany bolsa bir hepdäniň dowamynda 17% artyp, 970 müňe ýetdi.
Pekindäki söwda edaralary we syýahatçylyk işi köp wada beriji netijeleri görkezdiler.
Täze ýyl baýramçylyklary döwründe uniwermaglar, marketler, restoranlar we onlaýn-söwda platformalary $511 mln gazandylar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 83,8% köpdür.
Soňky hepdelerde Pekinde köp adamlary özünde jemleýän täze ýyl çäreleri geçirildi. Baýramçylygyň dowamynda şäheriň 150-den gowrak gözel ýerlerine 2,69 mln adam baryp gördi. Baryp görmelerden gelen jemi girdeji $34,567 milliona deň boldy, bu bolsa entek pandemiýanyň bolmadyk 2019-njy ýylyň netijelerinden 44,5% ýokarydyr.
ORIENT habarlar
Surat: China Daily