Iň täze habarlar

BelTa: Belorussiýada ýokary okuw jaýlaryna kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasy tassyklandy

04.01.2023 | 22:24 |
 BelTa: Belorussiýada ýokary okuw jaýlaryna kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasy tassyklandy

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýokary we ýörite ýokary bilim almak üçin adamlary kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasyny tassyklady – diýip, BelTA habar berýär.

Resminama laýyklykda halkara we respublika olimpiadalarynyň, uniwersitet bäsleşikleriniň ýeňijileri, syn ediji geňeşiň maslahat bermeginiň esasynda Milli çagalar tehnoparkynyň uçurymlary, uniwersitetleriň ýanyndaky liseýleriň uçurymlary, şeýle hem Russiýada ýeke-täk döwlet synagyny tabşyranlar hiç hili giriş synagsyz kabul edilýärler.

Şeýle hem harby gullukçylaryň, içeri işler edarasynyň, öz gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagtynda maýyplyga duçar bolanlaryň çagalary, harby-patriotiki klubda terbiýelenler Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet komitetiniň ýokary okuw jaýlaryna we harby fakultetlere bäsleşiksiz esasda kabul edilýärler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu Tertipde göz öňünde tutulan düzgünler dalaşgärleriň bilimine berilýän bahanyň hakykatçylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we ýokary okuw jaýlaryna girmekde deň mümkinçilikleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Olar şeýle hem ýurduň ykdysadyýeti tarapyndan isleg bildirilýän hünärmenleri almak üçin has taýýarlanan we höwesli dalaşgärleriň saýlanyp alynmagyna ýardam eder.

Dalaşgärler we olaryň ata-eneleri üçin täze kabul edilen düzgünler boýunça gerekli düşündiriş işleri geçiriler. Bilim ministrligi gysga wagtyň içinde permanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk-usuly çäreleriň toplumyny üpjün eder.

ORIENT habarlar
Surat: belta.by

Şeýle hem okaň: