2023-nji ýylda iň köp garaşylýan 10 serial
04.01.2023 | 16:00 |2023-nji ýyl täze filmleriň çykmagy we ajaýyp eserleriň çykmagy bilen seriallary halaýanlar üçin täze filmlere baý bolar. ORIENT olardan has köp garaşylýanlarynyň sanawyny düzdi.
«Biziň birimiz» (The Last of Us) — onuň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda bolar
Amerikan teleserialy The Last of Us atly 2013-nji ýylda dörän meşhur wideo oýuna esaslanýar. Onuň sýužeti apokalipsisden soňky döwürde bolup geçýär, onda gaçakçy Joele (Pedro Paskal) we ýaşyna garamazdan gaty ugurtapyjy ýetginjek-gyzjagaz Ella (Bella Ramzi) pajygaly ýagdaýlardan gutulmaly bolýarlar, gyzjagazyň DNK-sy bolsa zombi-wirusa garşy sanjymyň açary bolmagy ähtimal.
«Kaleýdeskop» — ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary
«Ajaýyp hilegärligi» döreden Jankarlo Espozitodan Netflixiň dramasy. Sýužet boýunça Ussat-ogry we onuň topary 7 mlrd dollary ele salmak üçin uly we çylşyrymly talaňçylyga baş goşýarlar, ýöne haýynlyk, açgözlülik we dürli howplar olaryň meýillerini bozýar.
«Albassy» (3 möwsüm) — 2023-nji ýylyň tomsy
Albassynyň Plotwa lakamly wepaly aty bilen ähli nägehanlary gyryp, yklym boýunça syýahat edýän we adamlary ýaramaz güýçlerden arassalaýan Geralt hakyndaky meşhur serialyň dowamy.
«Gotemiň rysarlary» — 2023-nji ýylyň başynda çykýar
Serial Betmeniň örtügini dakynyp gizlenip ýören işewür Brýus Weýniň ölüminden başlanýar. Betmeniň şäheri Gotem goragsyz galýar, onuň ölüminde dahyllydyklary şübhelenilýän ýaş adamlar bolsa hakyky jenaýatçylary tapmaga synanyşýarlar.
«Pokerfeýs» — ilkinji görkezilişi 26-njy ýanwarda
Raýan Jonsonyň «Ýyldyz uruşlary: soňky jedaýlar» we «Pyçagy çykarmak» ýaly komediýa žanrynda surata düşürilen zenan hakynda film. Ol zenan adamlaryň ýalan sözleýändiklerini ýa-da çynlaryny aýdýandyklaryny bilýär. Ýalany anyklamak ukybyny ol tutuş Amerika boýunça jenaýatlaryň üstüni açmakda ulanýar.
«Gizlin çozuş» — ilkinji görkeziliş 2023-nji ýylyň 14-nji ýanwary
Serial Marveliň komikslerine esaslanýar we kino äleminiň bäşinji tapgyrynyň bir bölegi bolar. Serialyň sýužeti boýunça, beýleki janlylaryň şekiline girip bilýän başga planetaly-metamorflaryň fraksiýalaryndan biri Skrullow ýerdäki adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynyň gözegçiligini öz eline almagy başarýar. Olaryň bet niýetlerini «Ş.I.T.» guramasynyň ozalky direktory Nik Fýuriniň baştutanlygyndaky gahrymanlar topary togtatmaly bolýar.
«Idol» — 2023-nji ýylyň birinji ýarymy
«Eýforiýa» serialyny döreden Sema Lewinsonyň täze dörän pop-ýyldyz Žoslin hakyndaky serialy. Baş keşplerde – Jonny Deppiň we Wanessa Paradiniň gyzy – Lili Rouz, şeýle hem The Weekend lakamy bilen belli bolan aýdymçy Eýbel Tesfaýe.
«Loki» (2 möwsüm) — 2023-nji ýylyň ortasy
Marveliň iň meşhur seriallaryndan biriniň ikinji möwsümi 6 bölekden ybarat bolar we Disney + serwisinde ýaýlyma çykar. Serial birinji möwsümiň sýužetini dowam etdirýär, onda Marveliň gahrymanlary ilkinji gezek multi-älem bilen çaknyşýarlar, şeýle hem wagt we dünýäler aralygynda syýahat edýärler.
«Wikingler: Walhalla» (2 möwsüm) — 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwary
Skandinawlaryň durmuşy hakynda spin-offyň dowamy bölekleýin hakyky wakalara esaslanan taryhy dramadyr. Serialdaky waka asyl «Wikinglerden» 100 ýyl soňra bolup geçýär. Sýužet rowaýata öwrülen ylmy-barlagçy Leýf Erikssonyň, onuň uýasy Freýdis Eriksdotteriň we skandinaw şazadasy Harilda Sigurdsonyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýär.
«Titanlaryň çozuşy» (4 möwsümiň iň soňky bölümi) — 2023-nji ýyl
Meşhur anime-serialyň dowamy 2023-nji ýylda çykar, ýöne anyk senesi entek belli däl. Sýužet boýunça adamzat uzak ýyllaryň dowamynda – adamlara meňzeş, ýöne akyly bolmadyk we äpet ölçeglerde bolan titanlar bilen söweşýär. Muşdaklar öň hem birnäçe gezek çykmagyna garaşylan, ýöne yza süýşürilen täze möwsümiň çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
ORIENT habarlar
Surat: unsplash.com, rbc.ru, kinotoday.ru, kp.ru, ruscomics.info, gazeta.ru, igromania.ru