Poeziýa bilen ylym baglanyşyp bilermi?
29.12.2022 | 21:12 |ORIENT bu soraga jogap tapmak üçin “Nebitgazylmytaslama” institutynyň bölüm müdiri Amanbibi GURBANOWA bilen Täze ýylyň öňüsyrasynda söhbetdeş boldy.
Amanbibi, bilşimiz ýaly, siz ylmy işgär, ýöne goşgy ýazmak bilen hem meşgullanýan ekeniňiz. Ilkinji goşgyňyzyň döreýşi, döredijilik ýoluna gadam basyşyňyz barada gürrüň beräýseňiz?
– Hawa dogry bellediňiz. Meniň bütin ömrüm ylymda geçdi diýsek ýalňyşmarys. Dogrusy, çynlakaý goşgy ýazmaklyga men 60 ýaşymdan soň, ýagny 2019-njy ýylda başladym. Ilkinji ýazan goşgularym käbäm ejem, kyblam kakam barada, çagalyk döwrüm, mekdep ýyllarym barada boldy. Adam ýaşy gitdikçe ýatlamalar dünýäsine öwrülesi gelip durýan eken. Ýüregimden joşup çykýan sözleri kagyz ýüzüne geçirmesem ynjalamokdym. Bu meniň ykbalyma ýazylan bagtym diýýärin. Şeýle hem şol döwürler “Ylham geldimi?” goşgusyny hem ýazdym. Onda şeýle setirler bar:
Sen nirede ýatdyň? Sen nirde gezdiň? Sen ylham...
Emma depderçäme eden bir wagtky ýazgylaryma ser salamda, ýaş mahallarym ýazan goşgularymy görýärin. Diýmek mende öňdenem ylham bar bolup, men ony alyp gitmändirin.
Döredijilik dünýäsinde ýaşap, oňa ömrüňi bagyşlamak - munda nähili duýgy bolýar?
– Döredijilige, esasanam, şygyr ýazmagy birinden öwrenip, girişip gidip bolmaýar. Esasy zat munda duýgy, joşgun. Pikir duýgudan gelip çykanda tolgundyryjy bolýar. Men ylham gelende, wagtyna, ýerine seretmezden, gije ýa-da gündiz diýmän ýazýaryn. Poeziýanyň meniň ykbalymdygyny şu setirlerde beýan etdim:
Ylham soraýarmy seniň ýaşyňy,
Soramany gelýär, “Ýaz sen, ýaz” diýip.
Özüň ýazjak diýip, ýazyp bolanok,
“Ýazmaýyn men” diýip, goýup bolanok.
Şonuň üçin goşgy ýazmak çydamlylygy, sabyrlylygy, kanagatlylygy we kalp arassalygyny talap edýärmikä öýdýän.
Çagalaryňyzdan, agtyklaryňyzdan döredijilige ymtylýanlary barmy?
– Çagalarymdana ýok, ýöne agtyjaklarymdan biri 11 ýaşynda goşgy ýazmaga gaty höwesli. Gyzjagazym çaga ýürejigi bilen ýazýan goşgujyklaryny begenip okap berýär.
Döredijilik bukjaňyzda näçeräk goşgy bar?
– Şu güne çenli ýazan goşgularym ep-esli bolandyr. Meniň pikirimçe, goşgylaryň sany däl-de, eýsem olaryň hili, kalpdan çykýan duýgyny töweregindäkilere ýetirilmegi möhümmikä diýýän. Goşgularym ýerli žurnallarda we gazetlerde çap edilýär, ýygyndymam çykdy. Geljekde goşgularymy aýratyn kitap edip çykarmagy meýilleşdirýärin. Halkymyza, ildeşlerimize ýüregimiň sesini eşitdiresim gelýär.
Poeziýa bilen ylym biri-biri bilen baglanyşyklymy? Olary bile alyp gitmek, utgaşdyrmak kyn bolanokmy?
– Tersine meniň edýän işimem maňa ylham berýär. Ylym diýmek “gözlegde bolmak, oýlap tapmak” bolsa, döredijilik hem edil şonuň ýaly. Men ylym bilen ylhamyň – ikisiniň hem biri-biri bilen baglanyşygy bar diýip hasaplaýaryn.
Täze ýyl baýramçylygyna her kim mynasyp toý sowgady bilen barmagyň aladasynda.
– Dogry, ilki bilenä külli türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlaýaryn we ýer ýüzündäki ähli gowulyklary arzuw edýärin. Elbetde menem ildeşlerimize sowgadymy taýýarladym. “Gel Täze Ýyl” goşgymda ýüregimden çykýan niýet-arzuwlarym şeýle setirler bilen beýan etdim:
Täze ýyl – geljege ýene bir ädim,
Ädimler bu ýylda bolsun has batly.
Rowaçlyklar bilen, üstünlik bilen,
Gel täze ýyl, saňa gujak açaly.
Indiki ýyla öňde goýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?
– Meniň üçin esasy maksat döretmek, kalbymdan syzdyryp çykarýan owazymy okyjynyň ýüregine ornaşmagyny gazanmak. Onuň üçin bolsa entäk köp zähmet çekmeli, kyn ýoly ýeňip geçip, kämilleşmeli. Kämilligiň bolsa çägi ýok.
Amanbibi, gyzykly söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Menem ORIENT portalynyň redaksiýasynyň adyndan Sizi täze ýyl baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Täze ýylda döredijilik äleminde we ylymda täze üstünlükleri, janyňyzyň sag bolmagyny, galamyňyzyň hemişe ýiti bolmagyny arzuw edýärin!
ORIENT news
Surat: Amanbibi Gurbanowa, unsplash.com