Türkmen agyr atletikaçysy Bogotada geçýän dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy
13.12.2022 | 01:17 |Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg. netije görkezip, kümüş medal gazandy. Şeýle hem ol itekläp götermekde kiçi altyn medala we birden götermekde kiçi kümüş medala mynasyp boldy.
Rejepowyň öz tälimçisi – Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Artur Emirýan.
Rejepbaý agyr atletika bilen Daşoguz welaýatynda meşgullanyp başlady. 2017-nji ýylda ABŞ-da geçen dünýä çempionatynda hem türkmen türgeni 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça kümüş medal gazanypdy.
2021-nji ýylyň aprelinde Daşkentde bolan Aziýa çempionatynda 89 kg. çenli agram derejesinde Rejepbaý 341 kg. netije bilen jemleýji üçünji orny eýele di we bürünç baýragyň eýesi boldy.
Bogotada Rejepbaý hormat münberini Hytaýdan Li Daýin (altyn) we Günorta Koreýadan Kim Wu Çže (bürünç) bilen paýlaşdy.
Agyr atletika boýunça 87-nji dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 5-16-njy dekabry aralygynda geçýär. Ony Hytaýyň Çunsine welaýatynda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne ol Hytaýda COVID-19-a garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň netijesinde 2022-nji ýylyň martynda üýtgedildi. Kolumbiýa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär. Çäre Fransiýanyň paýtagty Parişde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna seçip alyş ýaryşydyr.
ORIENT news