Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Kataryň emiri bilen duşuşdy we futbol boýunça DÇ-2022-niň oýnyna tomaşa etdi

04.12.2022 | 22:57 |
 Serdar Berdimuhamedow Kataryň emiri bilen duşuşdy we futbol boýunça DÇ-2022-niň oýnyna tomaşa etdi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji dekabrda Doha bolan saparynyň dowamynda Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamat Al Tani bilen duşuşdy.

“Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşytklary has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigi barada bir pikirde boldular” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Iki döwletiň baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejesine çykmagy , maksat edinýändikleriniň tassyklanandygy hem-de geosyýasy we geoykdysady giňişlikde Türkmenistanyň hem-de Kataryň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylymagy ugrunda pikirlerini aýdandyklary bellenilýär.

Duşuşyk futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýerine öwrülen “Halifa” halkara stadionynda geçirildi. Soňra serdar Berdimuhamedow DÇ-2022-niň Niderlanlaryň we ABŞ-nyň toparlarynyň arasyndaky 1/8 final duşuşygynyň oýnuna tomaşa etdi.

Soňra türkmen lideri Aşgabada ugrady.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: