Iň täze habarlar

Türkmen işewür wekiliýeti Eýranda geçirilen “Kish Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy

23.01.2025 | 23:40 |
 Türkmen işewür wekiliýeti Eýranda geçirilen “Kish Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti we oňa gatnaşyjy agzalary 18-24-nji ýanwar aralygynda Eýran adasynda geçirilýän “Kiş Expo 2025” halkara sergisine gatnaşdy.

Eýranyň senagat, tehnologiýa, söwda, syýahatçylyk, medeniýet, sungat we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça ilkinji halkara sergisi bilen birlikde ugurdaş mowzuklary we alty esasy ugry öz içine alýan şol sanda halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýumlary, üstaşyr we logistika mümkinçilikleri, senagat hyzmatdaşlyk, tehnologiýa alyş-çalşygy we syýahatçylyk boýunça maslahatlar hem geçirilýär.

170 stenddäki 250-den gowrak kompaniýa öz mümkinçiliklerini we işini 16 ýöriteleşdirilen ugurda hödürleýär: nebit-gaz we nebithimiýa, derman senagaty we azyk senagatyndan senetçilik we ş.m. “Kish Expo”-nyň ilkinji sergisiniň goýberilişine GDA, Ýakyn Gündogar, Günbatar we Gündogar Aziýa, Afrika, Gündogar Ýewropa, Aziýa we Hindi subkontinenti ýaly sebitleriň 40 ýurdyndan 300-den gowrak ilçi, işewür-maslahatçylar we telekeçiler gatnaşýar.

Sergi eksport mümkinçiligini giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek şeýle hem Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikler döretdi diýip, TSSE-da nygtaldy.

ORIENT

Foto: cci.gov.tm

Şeýle hem okaň: