Iň täze habarlar

Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

26.01.2025 | 19:30 |
 Türkmenbaşy deňiz porty Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýar: hereket edýän täze söwda ýoly

“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar.

Bu ugur Gyrgyzystandan Türkmenistana, Türkmenbaşynyň deňiz portuna, soňra bolsa Hazar deňziniň üsti bilen “Alýat” (Azerbaýjan) portuna ondan aňryk Ýewropa ýa-da Astrahana (Russiýa) ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär.

Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB geçelgesi Ýewraziýa sebitiniň ýurtlary tarapyndan öňe sürlen “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň bir bölegidir. “Bir guşak, bir ýol” Ýewraziýa sebitiniň döwletleriniň ulag we logistika mümkinçiliklerini ýeke-täk ugra birleşdirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa Aziýadan harytlary günbatar tarapa päsgelçiliksiz eltmäge mümkinçilik berer. Bu başlangyç sebitleýin ulag-logistika ugurlaryny we geçelgeleri öz içine alýar, olaryň biri Hazarüsti geçelgesidir (Hazarüsti halkara ulag ugry, Orta ýol).

Bilermenler Hazarüsti ugry bilen “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň özara birleşmeginiň has köp maddy-tehniki üpjünçilige eýe boljak ýük daşaýjylara we Ýewraziýa sebitiniň üstaşyr mümkinçiligine peýdaly bolup biljekdigini birnäçe gezek bellediler.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: