Watan goragçylarynyň güni mynasybetli täze durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabarasy boldy
26.01.2025 | 14:06 |Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Çoganly ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin 90-dan gowrak döwrebap kottejleriň, şeýle hem iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumy açyldy.
“Dor Bedew” gurluşyk kompaniýasy bu uly göwrümli taslamanyň esasy potratçylarynyň biri boldy. Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän täze ýaşaýyş jaý toplumy we Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumy hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin hakyky sowgat boldy. Bu çäräniň çäçinde, uçarmansyz uçýan enjamlar arkaly we ýöriteleşdirilen ulaglar ýaly ösen tehnologiýalary ulanmak bilen Merkezi ýangyna gözegçilik we wideogözegçiligi gözegçilik nokadynyň işi görkezildi.
Desgalaryň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy olaryň gulluk borçlaryny netijeli ýerine ýetirmäge we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
ORIENT