Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi
23.01.2025 | 13:30 |2025-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemekde möhüm waka boldy.
Türkmenistanyñ Döwlet habarlar agentliginiñ belleýşi ýaly, mejlisde 2024-nji ýylyñ jemleri jemlenip, 2025-nji ýyl üçin bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hem-de hukuk goraýjy we ýaragly güýçler düzümleriñ 2024-nji ýylyñ netijeleri barada hasabat berdiler.
Prezident 2024-nji ýylda goşun kuwwatyny we onuñ maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini aýtdy.
Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek hem-de harby ulgamda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri 2025-nji ýylyñ ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Mejlisiñ ahyrynda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyñ Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny goramakda olaryñ möhüm orny barada nygtady.
ORIENT news