Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň hyzmatdaşlygy çagalaryň abadançylygyna gönükdirlen
23.01.2025 | 22:05 |Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 23-nji ýanwarda ÝUNISEF-niň ýurtdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we öňe sürmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
2024–2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen bagly meselelere iş ýüzünde ulgamlaýyn çemeleşýändigini, ýurtda çagalary goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy.
Saglygy goraýyşy we iýmitlenmegi, çaganyň irki ösüşini, bilimi, durmuş taýdan goraglylygy nazara almak bilen, ähli ugurlarda çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen 2026-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň işlenip düzülmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler diýip, DIM-niň habarynda aýdylýar.
ORIENT