Iň täze habarlar

The Beatles toparynyň "Now and Then" aýdymy BRIT Awards 2025 baýragyna dalaşgär boldy

25.01.2025 | 21:40 |
 The Beatles toparynyň "Now and Then" aýdymy BRIT Awards 2025 baýragyna dalaşgär boldy

Mastercard tarapyndan guralýan BRIT Awards 2025 baýraklarynyň resmi dalaşgärleri mälim edildi. Bu baýrak, Britaniýanyň pop sazyndaky iň abraýly we taryhy wakalaryň biri bolup, Amerikanyň Grammy baýragynyň deňi hasaplanylýar. BRIT Awards diňe bir iň uly üstünlikleri belläp geçmek bilen çäklenmän, täze zehinleri goldamak üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär.

Dabara çäklerinde bäş žanr boýunça ýeňijiler köpçülikleýin ses berişlik arkaly kesgitlener. Ses bermek 31-nji ýanwarda, sagat 12:00-da WhatsApp arkaly başlanar we 14-nji fewralda, sagat 18:00-da tamamlanar. Tomaşaçylar BRITs-iň resmi WhatsApp kanaly ýa-da sosial media platformalary arkaly ses berip bilerler. Ýeňijiler 1-nji martda Londondaky O2 arenasynda geçiriljek dabarada yglan ediler. Bu göni ýaýlym ITV1 we ITVX teleýaýlymlary arkaly görkeziler, alyp baryjy hökmünde Jek Waýtholl çykyş eder.

The Beatles toparynyň "Now and Then" atly aýdymy "Ýylyň aýdymy" atly esasy ugur boýunça BRIT Awards 2025 baýragyna dalaşgär boldy. Bu, toparyň 1977-nji ýyldaky ilkinji BRIT baýragy çäklerindäki soňky dalaşgärliginden 50 ýyla golaý wagt geçen soň ilkinji üstünlikleriniň biri boldy.

Başda "Now and Then" atly aýdym Jon Lennonyň 1977-nji ýylda «Pol üçin» atly demo ýazgysydy. Bu aýdymy 1995-nji ýyldaky "Anthology" ýygyndysyna goşmak meýilleşdirilipdi. Emma ýazgydaky Lennonyň wokalynyň eşdilişi pes bolansoň, bu pikirden el çekilipdi. Pol Makkartni birnäçe onýyllyk bäri aýdymy doly işläp taýýar etmek isleýärdi we häzirki wagtda emeli intellekt tehnologiýasynyň ýazgydaky sesleri we saz gurallaryny bölüp, olaryň hilini ýokarlandyrmak kömegi bilen bu arzuwy amala aşdy.

Demo ýazgydan pianino we artykmaç sesler aýyrylyp, diňe Lennonyň sesi alyndy. Pol bas-partiýasyny oýlap tapdy, Ringo täzeden depleri sazageçirdi, aýdyma kirişli saz gurallary goşuldy we 1995-nji ýylyň studiýa sessiýalarynyň arhiwinde galan Jorj Harrisonyň gitara solosy we fon wokaly ulanyldy. Şeýlelikde, söýýän adamyňy ýatlap we onuň bilen birleşmek hakda aýdylýan «Now and Then» aýdymy The Beatles toparyny birleşdirdi we meşhur toparyň ähli dört agzasynyň gatnaşan soňky aýdymy boldy.

Täzelenen «Now and Then» aýdymy, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda çykarylandan soň, Grammy baýragyna — Amerikan Milli ses ýazgy sungat akademiýasy tarapyndan her ýyl berilýän aýdym-saz baýragyna — iki ugurda dalaşgär bolup, aýdym-saz jemgyýetinde uly jedelleşmeleriň sebäbi boldy.

Bilermenleriň ýazmagyna görä, «Now and Then» diňe bir aýdym däl, eýsem, sazda täze döwrüň nyşanydyr. Bu, topar dargandan onýyllyklardan soň hem onuň mirasynyň ýaşamagyny we häzirki döwrüň şertlerine uýgunlaşmagyny ýatladýar. Şeýle hem, tehnologiýanyň köne eserleri döwrebaplaşdyryp, häzirki zaman şertlerine getirip bilýändigini we belki-de geljekki saz sungaty üçin täze ýollary açýandygyny görkezýär.

ORIENT

Foto: beatles.ru

Şeýle hem okaň: