Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly gepleşdiler

23.09.2022 | 03:10 |
 Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly gepleşdiler

Şu gün, 22-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbek Lideri türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlap, saglyk, abadançylyk, uly üstünlik hem-de türkmen halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki goňşy döwletiň Prezidentleri özbek-türkmen gatnaşyklary, ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlyk, özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikler, senagat, energetika, ulag, oba hojalygy, medeniýet ugurlardaky hyzmatdaşlyk baradaky meselelerde durup geçdiler. Söhbetdeşler ýakynda Samarkantda geçirilen ŞHG-niň sammitiniň netijeleri barada hem pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligi tamamlap, Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkyny ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

ORIENT news
Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: