Aşgabatda “Viksit Bharat Run 2025” ylgamak çäresi geçiriler
29.09.2025 | 18:25Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hindi diasporasyny we Hindistanyň dostlaryny 30-njy sentýabrda Aşgabadyň Olimpiýa toplumynda geçiriljek “Viksit Bharat Run 2025” atly ylgamak çäresine gatnaşmaga çagyrdy. 3 kilometrlik aralyga ylgamak ýaryşy irden sagat 08:30-a başlar.
“Viksit Bharat Run” ylgamak çäresi Hindistanyň diplomatik missiýalarynyň goldawy bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda her ýyl geçirilýär. Bu çäre, “Viksit Bharat” (“Ösen Hindistan”) atly milli başlangyjyň bir bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, raýatlaryň raýdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki sport we medeni çärelere işjeň gatnaşmagyna gönükdirilendir.
Aşgabatda geçiriljek bu sport çäresi dürli ýaşdaky we milletdäki gatnaşyjylary birleşdirmek bilen, Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamagy maksat edinýär.