Iň täze habarlar

Tahyr Ataýewiň orkestri «Täze owazlar» konsertine çagyrýar

12.09.2025 | 13:53
Tahyr Ataýewiň orkestri «Täze owazlar» konsertine çagyrýar

Tahyr Ataýewiň orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Täze owazlar» atly konsertine çagyrýar. Konsert 3-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda geçiriler.

Orkestr bilen bilelikde sahnada Arslan Owezniýazowyň ýolbaşçylygyndaky Kamera horunyň agzalary hem-de Gülälek Baýrammyradowanyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat şäherindäki 4-nji sazçylyk mekdebiniň çagalar hory çykyş eder. Maksatnamanyň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar.

Konsert sagat 19:00-da başlanar. Biletleri satyn almak üçin şu telefon belgiler bilen habarlaşyp bilersiňiz: (+99362) 53-28-71, 55-90-15

ORIENT