Döwlet sirki «Görogly» şadessanynyň esasynda görkeziljek täze tomaşa çagyrýar
09.09.2025 | 15:30Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümini «Görogly» atly şowhunly tomaşa bilen açýar. Bu tomaşa «Görogly» milli şadessanynyň esasynda taýýarlanyldy. Sazlaşykly döredilen bu sahna işi Türkmenistanyň Döwlet sirki we Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýerine ýetirildi.
Maksatnamanyň dowamynda halkara sirk festiwallarynyň alty gezek Baş baýragyny gazanan, dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykyş eder.
Şeýle hem Döwlet sirkiniň beýleki artistleriniň täsin çykyşlary tomaşaçylara hödürlener. Tomaşalar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da geçirilýär.
Biletleri online görnüşde sirk.gov.tm saýtyndan, şeýle hem sirkiň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.
Aragatnaşyk telefonlary: 39-80-44, 39-80-45, 36-10-95.
ORIENT