Iň täze habarlar

Türkmen kompaniýalary Eýranda geçiriljek dokma önümleriniň halkara sergisine gatnaşyp bilerler

09.04.2024 | 17:34
Türkmen kompaniýalary Eýranda geçiriljek dokma önümleriniň halkara sergisine gatnaşyp bilerler

Türkmen kompaniýalarynyň wekilleri dokma önümleriniň «SITEX2024» 16-njy halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergi şu ýylyň 4-7-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde geçer.

«SITEX2024» Eýranyň dokma senagatynda geçirilýän sergileriň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji orny eýeleýär. Oňa dünýäniň çar künjeginden wekiller gatnaşýar.

Sergä gatnaşmak bilen baglanyşykly maglumatlary almak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsullygyna (Mary şäheri) ýzü tutup bilersiňiz.

Baş konsullygyň telefon belgisi: +99352260231

Sergini guraýjylaryň telefon belgileri: +989129472567 / +989129479265

ORIENT news