"Ahal" FT, AFK Çempionlar ligasynda öý oýunlary üçin akkreditasiýa açdy
10.09.2023 | 14:56"Ahal" FT-yň metbugat gullugy, AFK-2023/24 Çempionlar ligasynda türkmen klubynyň öý oýunlaryna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini akkreditasiýa etmek işine başlaýar.
Akkreditasiýa üçin arza surat bilen bilelikde official@ahal-fc.com e- poçta iberilmelidir. Arzada neşiriň ady we görnüşi (çap metbugaty, internet portaly, telewideniýe), žurnalistleriň familiýalary we atlary, telefon belgileri görkezilmelidir.
Arzalar 15-nji sentýabr, anna güni agşam sagat 6:00-a çenli kabul ediler. Görkezilen möhletden soň iberilen arzalar seredilmeýär!
Akkreditasiýa beýjleri AFK-2023/24 Çempionlar ligasynyň "Ahal" (Türkmenistan) - "Al-Feýha" (Saud Arabystany) toparlaýyn tapgyrynyň birinji tapgyrynyň oýunlaryndan bir gün öň, 18-nji sentýabrda žurnalistlere berler.
ORIENT news