Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-y sizi "Parahatçylygyň ýaş çaparlary III" bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

17.08.2023 | 00:47
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-y sizi "Parahatçylygyň ýaş çaparlary III" bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty we ýaş diplomatlar mekdebi 9, 10 we 11-nji synp okuwçylaryny, şeýle hem talyp ýaşlary "Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymatlary – umumy ynsanyýet gymmatlyklarynyň milli şamçyragy" şygary bilen geçiriljek, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň üçünji möwsümine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler şahsy maglumatlaryny 5-nji sentýabrdan öň parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli.

Saýlaw tapgyrynda dalaşgärler Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, Türkmenistanyň taryhy, XVII-XVIII asyryň dünýä taryhy barada 100 synag soragyna jogap bermeli bolarlar. Iňlis dilinde ýumuşlar we IQ görkezijisini kesgitlemek üçin soraglar bolar.

ORIENT news