Iň täze habarlar

BMGÖM-iň Türkmenistandaky ofisi Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli wideo bäsleşigini geçirýär

17.05.2023 | 15:18
BMGÖM-iň Türkmenistandaky ofisi Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli wideo bäsleşigini geçirýär

Bu wideo bäsleşiginiň maksady plastiki hapalanma garşy göreşmek we planetamyzyň gözelligini we özboluşlylygyny goramak üçin her bir adamyň edip biljek we etmeli işlerini görkezmekdir.

Ýeňijiler 5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşaw gününde yglan ediler. Olara BMGÖM tarapyndan şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Gatnaşmak üçin wideo şekiller 30-njy maýda sagat 18:00-a çenli kabul ediler.

Bäsleşik barada has giňişleýin maglumat bilen salgylanma boýunça tanşyp bilersiňiz.