Iň täze habarlar

Perzent bilim merkezi kitap bäsleşigini geçirýär

04.05.2023 | 15:33
Perzent bilim merkezi kitap bäsleşigini geçirýär
Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 2 (Çagalar we ýetginjekler köşgi)

Bäsleşigiň şertleri:
Üç diliň birinde (rus, iňlis, türkmen) «Tom Soýeriň başdan geçirmeleri» kitabyndan islendik jümläni saýlap, onuň näme üçin kitapdaky iň gowy jümledigini gysgaça düşündirmeli (100-den 150 söze çenli).

Ýazan beýanyňyzy elektron poçta ibermeli: perzent.edu.tm@gmail.com

Bäsleşige gatnaşmak üçin 10-njy maýa çenli merkeziň administrasiýasynda hasaba alynmalysyňyz. Elektron kitaplary hem şol ýerden alyp bilersiňiz.

Elektron hatlarynyň iň soňky kabul ediliş möhleti: 2023-nji ýylyň 24-nji maýy, sagat 10:00
Bäsleşigiň netijeleri 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda agşam belli bolar.

Baýraklar (dilleriň her biri üçin aýratyn):
I ýer - 800 TMT we islendik tomusky okuw üçin 30% arzanladyş
II ýer - islendik tomusky kursda 50% arzanladyş
III ýer - islendik tomusky kursda 30% arzanladyş

Isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler!

Salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 2 (Çagalar we ýetginjekler köşgi)
Goşmaça maglumat üçin: +993 63 615111; +993 63 273273