Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasynyň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik
01.05.2023 | 14:30Fulbraýt maksatnamasy Türkmenistanyň başarjaň ýaş hünärmenlerine 2024-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.
Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 31.05.2023
Has giňişleýin maglumat bilen websaýtda tanşyp bilersiňiz.