Iň täze habarlar

Meşhur režissýor we tebigatçy Ser Dewid Attenboryň «Planetamyzdaky durmuş» atly filminiň görkezilişi

19.04.2023 | 16:00
Meşhur režissýor we tebigatçy Ser Dewid Attenboryň «Planetamyzdaky durmuş» atly filminiň görkezilişi

Halkara Ýer planetasynyň güni mynasybetli, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Bouygues-Turkmen bilen sizi meşhur režissýor we tebigatçy Ser Dewid Attenboroň «Planetamyzdaky durmuş» atly filminiň görkezilişine çagyrýar.

Bu film adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri we geljekki nesiller üçin umyt habarydyr.

Senesi: 22.04.2023 (Şenbe)
Wagty: 14:30
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly (Gogol köçesi) 592, Bouygues-Turkmen ofisi, Uglerod okuw merkezi.

Ýerler çäklidir. Giriş diňe +993 64 57 73 42 belgide hasaba alynmak arkaly mümkindir.