Habarlar

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit wekili bilen gepleşikler geçirildiHalkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit wekili bilen gepleşikler geçirildi

Halkara Gyzyl Haç komitetiniň sebit wekili bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komitetiniň arasynda geljek ýyllardaky hyzmatdaşlyk meseleleri penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk myhmanyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirildi diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär.