Walentina Matwiýenko Russiýada Bagtyýarlyk ministrligini döretmegi teklip etdi


Moskwada geçirilen “Bilim. Ilkinjiler” atly bilim çäresinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko ýurtda ählumumy bagtyýarlyk baradaky kanunyň kabul edilmeginiň hem-de Bagtyýarlyk ministrliginiň döredilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy onuň pikirine görä, häzirki wagtda haýsy kanuny kabul etmek zerur diýen soraga şeýle jogap berdi.
Matwiýenkonyň bellemegine görä, täze dörediljek düzüm hökümet tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynyň adamlary has bagtly edýändigi ýa-da etmeýändigi babatda çözgütleri kabul eder.
Bagtyýarlyk ministrliginiň Birleşen Arap Emirliklerinde we Butan Patyşalygynda eýýäm hereket edýändigini bellemek gerek.
ORIENT news








