HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Asman näme üçin mawy? Alymlar näme jogap berýär

Noýabr 07, 2023 | 23:17 |20491
Ýer şary boýunça ýeriňi üýtgedikçe beýiklikler, landşaftlar we howa birden üýtgeýär, emma bir ýagdaý üýtgemän galýar. Ýeriň ähli dürlüligi mawy asmanyň astynda saklanan. Ýöne näme üçin asman mawy? Bu Ýeriň ummanynyň şekli däl. Hakyky düşündüriş ýönekeýje bölejikleriň birazyrak fizikasyny talap edýär.Ýer şary boýunça ýeriňi üýtgedikçe beýiklikler, landşaftlar we howa birden üýtgeýär, emma bir ýagdaý üýtgemän galýar. Ýeriň ähli dürlüligi mawy asmanyň astynda saklanan. Ýöne näme üçin asman mawy? Bu Ýeriň ummanynyň şekli däl. Hakyky düşündüriş ýönekeýje bölejikleriň birazyrak fizikasyny talap edýär.
Çeşme: livescience.com

Ýer şary boýunça ýeriňi üýtgedikçe beýiklikler, landşaftlar we howa birden üýtgeýär, emma bir ýagdaý üýtgemän galýar. Ýeriň ähli dürlüligi mawy asmanyň astynda saklanan. Ýöne näme üçin asman mawy? Bu Ýeriň ummanynyň şekli däl. Hakyky düşündüriş ýönekeýje bölejikleriň birazyrak fizikasyny talap edýär.

Günüň ýagtylygynyň Ýeriň atmosferasy bilen özara täsiri sebäpli biz üstümizde gök reňk görýäris. Görünýän ýagtylygyň spektri köp sanly reňkleri: gyzyldan benewşä çenli reňkleri saklaýar. Haçan-da ähli reňkler garyşanda, ýagtylyk ak reňkde görnüýär diýip, Live Science ylmy-populýar žurnalyna ABŞ-nyň Milli howa gullugynyň meteorology Mark Şenar gürrüň berdi.

Ýöne Günden gelýän ak reňk Ýere ýetende, käbir reňkler howadaky molekulalar we ownuk bölejikler bilen özara täsirleşmäge başlaýar diýip, ol aýtdy.

Ýagtylygyň görünýän spektrindäki her reňkiň dürli uzynlykly tolkunlary bardyr. Mysal üçin, gyzyl we narynç ýagtylygyň tolkunlary has uzyn, gök we benewşe ýagtylygyňky bolsa, has gysgadyr. Şenaryň sözlerine görä, ýagtylygyň has gysga tolkunlarynyň, Ýeriň atmosferasyndaky howanyň we gazyň molekulalary bilen ýaýrama (ýa-da başga ugurda sorulma we gaýtadan şöhlelenme) ähtimallygy uly. Atmosferadaky molekulalar, esasan azot we kisloros, releýewsk ýaýramasy diýlip atlandyrylýan hadysanyň kömegi bilen ähli ugurlarda gök we benewşe reňkleri ýaýradýar. Ine asmany mawy edýän zat şol.

Gysgaça aýdylanda, ýagtylyk atmosferadan geçende spektriň köp bölegi saklanman uzagraga gidýär, ýöne gök we benewşe reňkler bolsa molekulalara «ýapyşyp», olardan dürli taraplara serpikýärler we asmana häsiýetli reňki berýärler.

4CP4BCbLrhN7e2pfBmcbZP.jpg

Bu ýerde ünliräkleriň biri, näme üçin onda asman benewşe däl-de mawy reňkde diýip gyzyklanmagy mümkin. Alymlaryň muňa hem jogaby bar. Beýik Britaniýadaky Grinwiý Patyşalyk obserwatoriýasynyň astronomy Ed Blumeriň düşündürişi ýaly, gün ýagtylygynda ilki bilen benewşä görä mawy reňk agdyklyk edýär. Hut şol sebäpden hem atmosferada aýaýramaklyga «absolýut sanlarda» benewşä görä mawy reňk köp düşýär.

Şeýle hem, adamyň gözi aslynda dürli reňkleri birmeňzeş kabul etmeýär. Hut benewşe reňki biziň gözümiz mawydan hem pes kabul edýär.

«Gyzyl» säherler we günüň ýaşmagy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde hem edil şol ýörelge. Haçan-da gün gözýetimden aşakda bolsa, şöhleler siziň gözüňize ýetmek üçin atmosferada uly aralygy geçmelidir. We ýagtylyk her nahili bolsa-da size ýetende, ähli gök reňk ýöne ýaýrap, «ýolda» ýiter. Netijede, narynç, gyzyl we sary tolkunlar – diňe günüň ýaşmagyny reňklemek üçin galanlardyr.

Blumeriň sözlerine görä, mawy asman birnäçe ýagdaýyň sazlaşmagynyň netijesinde ýüze çykýar. Eger-de siz başga planetada bolan bolsaňyz, onda siz ýakyn ýyldyzdan gelip çykýan, ýagtylygyň spektriniň ýa-da tozan bölejikleriniň töwereginde aýlanýan, başga planetanyň dünýäsiniň howasyndaky molekulalara baglylykda düýbünden başga reňki görüp bilerdiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026