Filippinleriň harby edarasy öýsüz pişikleri işe alýar


Suratda gara-sary žiletdäki pişik filippin edara binasynyň çäginde görkezme almak hatara duran goragçylaryň arasynda geçip barýar.
Konan atly birmahal öýsüz galan pişik birnäçe aý ozal, Filippinleriň paýtagty Manilada Ählumumy howpsuzlyk işgärleri merkeziniň toparynyň hataryna goşuldy. Ol şäherdäki müňlerçe öýsüz pişikleriň hatarynda beýle bagta eýe bolanlaryň içinde diňe biridir.
Pişikleriň itler ýaly sakçylyk ukyplary ýeterlik ösmedikdigine we iş ýerinde uklamaga höwesekdigine garamazdan, olar iň bolmanda 12 sagat işleýän howpsuzlyk işgärleriniň ünsüni özüne çekýär we olaryň iş wagtynyň manyly bolmagyna getirýär.
Konanyň bagtynyň çüwendigine garamazdan, ol öz kärdeşleriniň işlerine kömekleşeýin hem diýenok. Muňa derek, ol ýatmagy, iş ýerine golaý ýerleşýän "Starbaks" kefesinde güýmenmegi ýa-da kafeliň üstünde topjagaz oýnamagy kem görenok. Muňa garamazdan, ol özüniň hereketleri we dostlukly häsiýeti bilen bu ýerde işleýänleriň we gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.
ORIENT news








