Immunizasiýalaşdyrmak arkaly Türkmenistan gepatit B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirdi


Türkmenistana immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasy gowşuryldy.
Bu waka Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady diýip, Döwlet habarlar agentligi mälim edýär. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.
Bu waka mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Arkadagyň ýola goýan saglyk sahawaty — bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlary, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman infrastrukturasynyň kemala gelendigi bellenildi. Ilatyň kesellemek derejesini peseltmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyz sebitde immunizasiýa boýunça öňdäki orunlary eýeleýär.
ORIENT news








