Almatyda geçiriljek halkara sergide işewürler üçin täze mümkinçilikler açylar


9 - 11-nji noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde "-FOOD ASIA EXPO 2023" atly azyk däl harytlaryň halkara sergisi geçiriler. Serginiň çäklerinde azyk däl bazary ösdürmek boýunça onlarça önüm öndürijileriň gatnaşmagynda maslahat geçiriler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu sergi täze hyzmatdaşlar we ozaldan işläp gelýän kompaniýalaryň arasynda işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, sergi Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan azyk däl senagata degişli ýokary hilli önümleri tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Serginiň esasy maksady söwda, ykdysady ösüş, logistika we eksport üçin baý bolan mümkinçilikler bilen tanyşmaga we peýdalanmaga itermekden ybaratdyr.

Bu ýerde hojalyga degişli azyk maksatly bolmadyk islendik harydy tapmak bolar.

ORIENT news








