HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy sebitara mejlisine gatnaşdy

Noýabr 07, 2023 | 20:53 |4478
ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen mejlise guramanyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary gatnaşdylar.ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen mejlise guramanyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Duşenbe güni ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda guramanyň agza-döwletleriniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 10-njy sebitara mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen mejlise guramanyň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gün tertibindäki möhüm meseleleri, şol sanda hasabatlara syn bermegi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlary seljermegi, sebit gurluşlary bilen ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň arasynda özara gatnaşyk tejribesini kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak meselesine aýratyn üns berildi.

Bu sebitara mejlis ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 2022-2029 ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň we 2026-2029-njy ýyllar üçin býujetiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga, guramanyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we strategiki özgertmelerde Milli toparlaryň orny barada pikir alyşmak üçin platforma bilen üpjün etmäge berk ygrarlylygyny görkezdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026