HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2027-nji ýyla çenli Gazagystanyň ähli ilaty ýokary tizlikli internet bilen üpjün ediler

Noýabr 08, 2023 | 09:16 |5009
2027-nji ýyla çenli Gazagystanyň ähli raýatlaryna tizligi 100 Mbit/s-dan pes bolmadyk giňzolakly internet elýeterli bolar.2027-nji ýyla çenli Gazagystanyň ähli raýatlaryna tizligi 100 Mbit/s-dan pes bolmadyk giňzolakly internet elýeterli bolar.
Çeşme: ixbt.com

2027-nji ýyla çenli Gazagystanyň ähli raýatlaryna tizligi 100 Mbit/s-dan pes bolmadyk giňzolakly internet elýeterli bolar.

Munuň özi ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Respublikanyň internet pudagyny ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gazagystanyň hökümeti tarapyndan tassyklanan “Elýeterli internet” Milli taslamada göz öňünde tutulandyr.

2024-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli döwre niýetlenen bu taslamany amala aşyrmak üçin 1,5 trillion tengeden gowrak serişde bölünip berler. Bu serişdeleriň 1,3 trillion tengesi býudjete dahylly bolmadyk çeşmelerden üpjün ediler. Şeýlelikde, Respublikada aragatnaşygyň sim geçirijili we sim geçirijisiz infrastrukturasy ösdüriler, oba ýerlerinde optiki-süýümli aragatnaşygyň şahalaýyn ulgamlary gurlar.

Şeýle hem bu milli taslama ýurduň esasy awtomobil ýollaryny mobil internet bilen gurşap almak üçin sanly infrastrukturanyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Bu maksat bilen, 487 sany antenna desgalary gurlar, bu bolsa 17 müň kilometr awtoýollary mobil internet bilen gurşap almaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem bu başlangyç 400 müňe golaý hojalygy ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek üçin kiçi we orta derejeli aragatnaşyk operatorlaryny goldamaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ähli respublika ähmiýetli şäherlerde hem-de welaýat merkezlerinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026