

Aşgabatda gylyçlaşma boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy
«Aşgabat» sport toplumynda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda rapirada, gylyçda we şpagadagylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionatybaşlandy.


«Aşgabat» sport toplumynda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda rapirada, gylyçda we şpagadagylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionatybaşlandy.


Astanada ulularyň arasynda göreşiň üç görnüşi boýunça Aziýanyň Çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň MOK-niň metbugat gullugy habar berdi.


Ýewropanyň ýeňil atletika boýunça birleşmesi tarapyndan weýrançylykly ýer titremäniň netijelerini ýok etmek baradaky tagallalary goldamak üçin Stambulda ýapyk binalarda Ýewropanyň birinjiligini geçiriler. Oýunlar 2023-nji ýylyň 2-nji martyndan 5-nji marty aralygynda Stambulyň Ataköy Athletics Arenasynda geçiriler.


Öz türgenleriniň Hytaýda boljak tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmaklaryny meýilleşdirýän Milli Olimpiýa Komitetleri (MOK) ýaryşlaryň guramaçylyk komitetine 15-nji marta çenli ýüz tutmalary ugratmalydyrlar. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa Komitetiniň metbugat gullugynda habar berdiler.


Hindistanyň Olimpiýa birleşmesi bu ýurt üçin ençeme medallary gazanan häzirki we ozalky türgenlere muzdsyz saglyk ätiýaçlandyrmasyny berer – diýip, Insidethegames habar berýär.


Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymy göni ýaýlymda Kemerowo oblastynda (Russiýa) 23-nji fewraldan 5-nji marta çenli geçiriljek II gyşky Halkara sport oýunlarynyň - «Aziýanyň çagalarynyň» açylyş dabarasyny görkezer.


FIDE Geňeşi Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Aziýa küşt federasiýasyna geçmek barada haýyşy boýunça Konstitusiýa topary tarapyndan taýýarlanan doklada garady.


Türkmenabatda Aziýa Futbol Federasiýasynyň "C" tälimçilik ygtyýarnamasy ugrundaky kurs başlandy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmen karateçileri Fujeýrede (BAE) 23-26-njy fewral aralygynda geçiriljek Karate1 2023 Ýaşlar Ligasynyň birinji tapgyryna gatnaşarlar.


Türkmenabat şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy, oňa Aşgabatdan, Ahal, Mary, Balkan we Lebap welaýatlaryndan 187 türgen gatnaşdy. Göreşijiler 7 sany agyrlyk derejelerinde çykyş etdiler. Ýeňijileriň atlary şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy 23-nji martda Malaýziýanyň Johor ştatynyň Iskander Puteri şäherinde bu ýurduň ýygyndysy bilen duşuşar – diýip, Malaymail habar berýär.


Türkmen dzýudoçylary 25-26-njy fewralda Warşawada (Polşada) geçirilýän Ýewropanyň -2023 açyk çempionatynda çykyş ederler.


Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary Şri-Lankada 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň Aziýa we Okeaniýa sebiti boýunça açyk tapgyrynda (2023 World Junior Tennis Competition) bürünç medallara mynasyp boldy.


Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndysy 19-njy fewraldan 23-nji fewral aralygynda Warşawada (Polşa) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Sport çäresiniň guramaçylary bolup Dzýudonyň halkara federasiýasy çykyş edýär.


20-nji fewralda Aşgabatda 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar.