HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda geçiriljek ýeňil atletika boýunça çempionat Türkiýäniň gaýtadan dikeldilmegini goldamak üçin ulanylar

Fewral 25, 2023 | 10:00 |8492
Ýewropanyň ýeňil atletika boýunça birleşmesi tarapyndan weýrançylykly ýer titremäniň netijelerini ýok etmek baradaky tagallalary goldamak üçin Stambulda ýapyk binalarda Ýewropanyň birinjiligini geçiriler. Oýunlar 2023-nji ýylyň 2-nji martyndan 5-nji marty aralygynda Stambulyň Ataköy Athletics Arenasynda geçiriler.Ýewropanyň ýeňil atletika boýunça birleşmesi tarapyndan weýrançylykly ýer titremäniň netijelerini ýok etmek baradaky tagallalary goldamak üçin Stambulda ýapyk binalarda Ýewropanyň birinjiligini geçiriler. Oýunlar 2023-nji ýylyň 2-nji martyndan 5-nji marty aralygynda Stambulyň Ataköy Athletics Arenasynda geçiriler.
Çeşme: sportsintegrityinitiative.com

Ýewropanyň ýeňil atletika boýunça birleşmesi tarapyndan weýrançylykly ýer titremäniň netijelerini ýok etmek baradaky tagallalary goldamak üçin Stambulda ýapyk binalarda Ýewropanyň birinjiligini geçiriler. Oýunlar 2023-nji ýylyň 2-nji martyndan 5-nji marty aralygynda Stambulyň Ataköy Athletics Arenasynda geçiriler.

Birleşme gapdaly bilen geçirilýän baýramçylyk çärelerini mümkin boldugyça kemeltmek isleýär,ýaryşlar ýerli derejede mahabat edilmejekdigi habar berilýär. Birleşme şeýle hem her satylan biletden 1 ýewrony ýer titremeden soňra dikeldilme işlerine haýyr-sahawat hökmünde bagyşlar.

«Şunuň ýaly wagtda sport çäresini geçirmek, ilkinji nobatda, edilmeli iş däldir. Ýöne ýaryşlaryň ýerli guramaçylyk komiteti ýaryşlara taýýarlanmagy dowam etdirmekde ygrarlydygyny we taýýardygyny görkezdi» - diýip, Ýewropanyň ýeňil atletika birleşmesiniň prezidenti Dobromir Karamarinow aýtdy, birleşmäniň guramaçylyk komitetiniň kararyny goldaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýeňil atletika jemgyýetiniň türk halky bilen raýdaşlygynyň nyşany hökmünde sport guramasynyň baştutany goldaw sözleri bilen şekilli, sesli ýa-da tekst habarnamalaryny şu salga ugradyp, social@european-athletics.org. paýlaşmaga çagyrdy.

«Biziň hemmämiz öz türk dostlarymyz bilen bilelikde gynanýarys we ýer titremesiniň netijesinde wepat bolanlaryň we ejir çekenleriň hatyrasyny tutmak isleýäris» — diýip, ol öz beýanatynda aýtdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026