2023-Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalary tabşyrmagyň möhletiniň gutarýan senesi belli boldy


Öz türgenleriniň Hytaýda boljak tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmaklaryny meýilleşdirýän Milli Olimpiýa Komitetleri (MOK) ýaryşlaryň guramaçylyk komitetine 15-nji marta çenli ýüz tutmalary ugratmalydyrlar. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa Komitetiniň metbugat gullugynda habar berdiler.
Toparlaryň gatnaşmagy üçin ýüz tutmalaryň kabul edilmegi birinji fewralda başlandy. 1-nji iýundan 15-nji iýula çenli ýaryşlara gatnaşyjylaryň sanawyny bermeli bolar. Sportuň topar bolup oýnalýan görnüşlerinde ýaryşlaryň bijesi iýulyň soňunda geçiriler.
2023-nji ýylyň tomusky Aziýa oýunlary – 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Hançžouda (Hytaýda) geçjek köp sport görnüşli ýaryşdyr.
Aziýa oýunlarynda sportuň 40 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler, ol 61 ugurdan ybarat bolar.
Öňki tomusky Aziýa oýunlary 2018-nji ýylyň 18-nji awgustyndan 2-nji sentýabry aralygynda Jakartada we Palembangda (Indoneziýada) geçipdi. Onda türkmen türgenleri 3 medal – bir kümüş we iki sany bürünç medal gazanypdylar.
ORIENT habarlar








